Alym­la­ryň soň­ky ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, ozon gat­la­gy tä­ze­den di­kel­dil­ýär we ol äh­lu­mu­my ma­ýyl­gan­ly­gyň gow­şa­ma­gy­na ge­ti­rer. Ozon gat­la­gy­na zy­ýan ber­ýän se­riş­de­le­riň möç­be­ri­ni azalt­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan gö­reş oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Bu ugur­da Mon­re­al äht­na­ma­sy he­re­ket ed­ýär. Bu äht­na­ma ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, ozon gat­la­gy­nyň di­kel­diş iş­le­ri 10 ýyl­da 1-3 gö­te­rim tiz­lik­de amal edil­ýär. Şeý­le dep­gin sak­la­nan ha­la­tyn­da De­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da 2030-njy ýyl­da, Gü­nor­ta ýa­rym şar­da 2050-nji ýyl­da hem-de pol­ýus­lar­da 2060-njy ýyl­da ozon gat­la­gy do­ly di­kel­di­ler.
1987-nji ýy­lyň 16-njy sent­ýab­ryn­da gol çe­ki­len Mon­re­al äht­na­ma­sy ozon gat­la­gy­na zy­ýan ber­ýän howp­ly se­riş­de­le­ri ön­dür­me­gi hem-de sat­ma­gy ga­da­gan ed­ýär. Ozon gatlagy Ýer şa­ry­ny ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler­den go­ra­ýar, bu şöh­le­ler dür­li howp­ly dö­re­me­le­riň eme­le gel­me­gi­ne sebäp bolýar. Mon­re­al äht­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de 100-den gow­rak hi­mi­ki se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi hem-de ula­nyl­ma­gy ga­da­gan edil­di. Şeý­le se­riş­de­le­riň kö­pü­si di­ňe ozon gat­la­gy­na zy­ýan ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, äh­lu­mu­my ma­ýyl­gan­ly­ga ýol aç­ýar.

Ýeňiş MAMMOWOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.