Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da 5-11-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Bi­rin­ji ja­han ur­şu­nyň ta­mam­lan­ma­gy­nyň 100 ýyl­ly­gy­ bellenip ge­çil­ýär.
Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron dün­ýä ta­ry­hyn­da uly yz go­ýan Bi­rin­ji ja­han ur­şu­nyň ta­mam­lan­ma­gy­nyň 100 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­re gat­naş­dy. Pre­zi­dent bir hep­dä­niň do­wa­myn­da Fran­si­ýa­nyň 17 şä­he­ri­ne we 11 de­par­ta­men­ti­ne bar­dy. Bu uruş 1568 gün do­wam edip, 18 mil­li­on ada­myň ömür ta­na­py­ny ke­sip­di. 100 ýyl mun­dan ozal, 11-nji no­ýabr­da Pa­ri­žiň ete­gin­dä­ki Komp­ýensk to­ka­ýyn­da har­by he­re­ket­le­riň gu­ta­ran­ly­gy­ny yg­lan ed­ýän yla­la­şy­ga gol çe­ki­lip­di.
Esa­sy çä­re­ler 11-nji noýabrda Pa­ri­žiň Trium­fal meý­dançasynda ge­çi­ril­er. Oňa ýo­ka­ry de­re­je­li myh­manlar, şol san­da ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp we Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin ça­gy­ryl­dy.