Germaniýa Federatiw Respublikasynyň federal Kansleri Angela Merkeliň syýasaty terk etmegine heniz ep-esli wagt bar. Ol muny öz ygtyýarlyklarynyň tamamlanýan wagtyna – 2021-nji ýyla meýilleşdirýär. Eýýäm dekabryň başynda Angela Merkeliň partiýanyň başlygy wezipesini Hristian-demokratik bileleşiginiň gurultaýynda başga bir syýasatçy zenan Annegret Kramp-Karrenbaueriň eýelejekdigi çaklanylýar. Häzirki wagtda bu syýasatçy zenan bileleşigiň beýleki agzalary Ýens Şpan we Fridrih Mers dagy bilen birlikde, Hristian-demokratik bileleşiginiň ýolbaşçysy wezipesine dalaşgärlik edýär.
Syýasatçy Kramp-Karrenbauer Merkeliň ynamdar wekili saýylyp, 2011-nji ýyldan bäri Hristian-demokratik bileleşiginiň Saardaky sebit bölüminiň başlygydyr. Şeýle hem ol 2011-2018-nji ýyllar aralygynda Saar welaýatynyň premýer-ministri bolup işleýär. Ol 2010-njy ýyldan bäri Hristian-demokratik bileleşiginiň prezidiumynyň düzümine girýär.
Bilermenler ýaş tapawudy diýäýmeseň, köp babatlarda olaryň arasynda umumy meňzeşligiň bardygyny öňe sürýärler: kansleriň 64 ýaşy, Annegret Kramp-Karrenbaueriň bolsa, 56 ýaşy bar. Olaryň ikisi hem Germaniýa Federatiw Respublikasynda önüp ösüp, köp wagtdan bäri uly syýasatda işleýärler.