5-10-njy no­ýabr ara­ly­gyn­da Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de “Chi­na In­ter­na­tio­nal Im­port Expo” atly il­kin­ji Hal­ka­ra im­port ser­gi­si geçiril­di. Im­port önüm­le­ri­ne we hyz­mat­la­ry­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra ser­gi­si Şan­ha­ýyň Mil­li ser­gi mer­ke­zin­de gu­ral­dy. Bu ser­gä dün­ýä­niň 80-den gow­rak ýur­du­nyň dür­li kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­naş­dy.
Onuň açy­lyş da­ba­ra­syn­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin söz söz­läp, Hy­ta­ýyň da­şar­ky dün­ýä üçin giň­den açyk­dy­gy­ny hem-de öza­ra ösü­şe ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­di. HHR-iň Baş­ly­gy dün­ýä­de im­por­ty ös­dür­mek­de ýur­du­nyň uzak ge­l­je­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gy­ja eýer­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le hem ol dün­ýä ýurt­la­ry­ny umu­my ösü­şi ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, öza­ra bäh­bit­le­ri go­ra­ma­ga, söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dü­rip, in­no­wa­si­ýa ýyk­gyn et­mä­ge ça­gyr­dy. Hy­taý Li­de­ri dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň glo­bal­laş­ma­gy­nyň ta­ry­hy öw­rü­li­şik­di­gi­ni hem-de onuň dün­ýä ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­ne güýç­li iter­gi ber­ýän­di­gi­ni bel­läp geç­di. HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin ýurt­da im­por­tuň möç­be­ri­ni art­dy­ryp, da­şa­ry ýurt ha­ryt­la­ry­na 30 tril­li­on dol­lar, hyz­mat­la­ry­na hem 10 tril­li­on dol­lar çyk­da­jy et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Şeý­le­lik­de, hy­taý im­por­tu­nyň umu­my möç­be­ri 40 tril­li­on dol­la­ra deň bo­lar.
Bu ser­gä ýur­du­my­zyň we­kil­iýe­ti­niň ha­ta­ryn­da söw­da we te­le­ke­çi­lik, sag­ly­gy go­ra­ýyş, oba se­na­gat top­lu­my, dok­ma we hi­mi­ýa se­na­ga­ty ul­gam­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän hü­när­men­ler gat­naş­dy. 81 ine­dör­dül meý­da­ny tut­ýan mil­li ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum, yl­my-teh­ni­ki, dynç alyş we me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri, şeý­le hem in­no­wa­si­on ösü­şiň stra­te­gi­ýa­sy­nyň ugur­la­ry, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri öz ýur­du­myz­da ýo­la goý­mak we ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­ri eks­por­ta gö­nük­dir­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bi­len ta­nyş­dyr­ýan pu­dak­la­ýyn bö­lüm­le­riň bä­şi­si bar.
Türk­me­nis­ta­nyň we­kil­iýe­ti söw­da we in­no­wa­si­ýa­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra fo­ru­my­nyň ugur­daş mej­li­si­ne, şeý­le hem HHR-iň Tä­jir­çi­lik ministr­li­gi­niň, Şan­haý şä­he­ri­niň hö­kü­me­ti­niň we Şan­haý­da­ky Hal­ka­ra söw­da mer­ke­zi­niň gu­ran hyz­mat­la­ryň söw­da­sy bo­ýun­ça Ýew­ra­zi­ýa se­mi­na­ry­na gat­naş­dy.