Ýewropanyň bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurtlaryndan Şweýsariýada sala-salyşlyk geçirildi. Döwlet tarapyndan raýatlara “Hökmany esasy girdeji” kömek puluny bermek barada geçirilen sala-salyşlygyň netijesi hemmäni haýran galdyrdy. Ýurduň 26 kantonynyň hem-de ýarym kantonynyň raýatlary bu başlangyjy goldamady.
Ýerli metbugatdaky habarlara görä, ýurduň raýatlarynyň 76,9 göterimi kepilli girdejiden ýüz öwürdi. Eger bu başlangyç halk tarapyndan goldanylan ýagdaýynda, onda döwlet tarapyndan ululara her aý 2,5 müň şweýsar franky (2260 ýewro), çagalara bolsa, 625 şweýsar franky möçberinde kömek puluny bermek göz öňünde tutulypdy.
Eger bu başlangyç başa baran ýagdaýynda Şweýsariýa raýatlaryna olaryň işli ýa-da işsizdigine garamazdan, her aý bellenilen bir möçberde kömek puly bilen üpjün etjek ilkinji döwlet bolardy. Ýurtda ortaça, aýlyk haky 4500-den 6800 şweýsar franky arasyndadyr. Şäherdäki jemgyýetçilik ulagynyň gatnaw bahasy 2-4,5 şweýsar frankyna deňdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň kireýi ortaça 1000 şweýsar frankyndan başlap, 3800 şweýsar frankyna çenli baryp ýetýär.
Ýurduň parlamentiniň ozalky başlygy Oswald Sigg hem-de publisist Daniel Ştraub dagy raýatlara kömek puluny bermek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu ýagdaýda, her ýyl 208 milliard şweýsar franky (187,2 milliard ýewro) gerek bolardy.
Hökmany esasy girdeji: ol jemgyýetdäki her bir agza onuň durmuş ýagdaýyna garamazdan, yzygiderli tölenýän pul. Bu ulgam barada pelsepeçi Tomas Peýn 1795-nji ýylda “Agrarian Justice” (“Agrar adalaty”) diýen kitabynda ýazypdy. Munuň dünýäde birnäçe mysaly bar. 1974-1979-njy ýyllar aralygynda Kanadanyň Dofin şäheriniň ýaşaýjylaryna ýerli häkimiýetiň başlangyjy bilen her aý 100 dollar kömek puly berlipdir. 2008-2009-njy ýyllar aralygynda Namibiýanyň Omitare we Oçiwero etraplarynda, 2010-2011-nji ýyllar aralygynda Hindistanyň hökümeti ÝUNISEF edarasy bilen bilelikde, Madhýa-Pradeş ştatynyň käbir obalarynda kömek pullary berlipdi.