Syýahatçylyk we jahankeşdelik boýunça Bütindünýä geňeşi (The World Travel & Tourism Council) syýahatçylygynyň jemi içerki önümiň artmagynda uly goşandy bolan ýurtlar hakynda şu ýylky hasabatyny neşir etdi. Syýahatçylyk pudagy bilen içerki milli önüme uly goşant goşýan şäherler hakyndaky reýtingiň başyny 35 milliard dollar görkezijisi bilen Şanhaý çekýär. Sanawda ikinji orny 32,5 milliard dollar bilen Pekin, üçünji ýeri 28 milliard dollar goşandy bilen Pariž eýeledi. Bäşlige Orlando (24,8 milliard dollar) we Nýu-Ýork (24,8 milliard dollar) şäherleri hem girizildi.
Şeýle hem ilkinji onluga Tokio (21,7 milliard dollar), Bangkok (21,3 milliard dollar), Mehiko (19,7 milliard dollar), Las-Wegas (19,5 milliard dollar) we Şençžen (19 milliard dollar) şäherleri girdi. Şunlukda, TOP-10-a birbada üç hytaý şäheri, üç amerikan, iki aziýa we birem ýewropa şäheri degişli boldy.
Reýtingiň ikinji onlugyna Ýewropanyň iki şäheri hödürlenip, London 12-nji orny, Mýunhen bolsa, 20-nji ýeri eýeleýär. Şanhaýyň ýene-de 10 ýyldan Parižden iki esse köp gazanmagyna garaşylýar. Bütindünýä geňeşiniň çaklamalaryna görä, Şanhaý 2027-nji ýyla çenli jahankeşdeligiň jemi içerki önüme goşandy boýunça iki esse ösüş gazanar. Hytaý megapolisinde bu san 75,3 milliard dollar bolsa, ol fransuz paýtagtynda 37,2 milliard dollara deň bolar. Pariž ep-esli derejede halkara syýahatçylarynyň sarp etjek pullaryna bil baglaýan hem bolsa, tersine hytaý megapolisleri öz girdejilerini içki syýahatçylarynyň hasabyna artdyrýar.
Şunuň bilen birlikde, syýahatçylyk babatda Hytaýyň bäş uly şäherinden dördüsi – Çunsin, Çendu, Şanhaý we Guançžou has ösen şäherler hasaplanýar.