Ispaniýa Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlaryna garanyňda, kädini has köp ösdürip ýetişdirýär. Geçen ýyl bu ýurt 115 müň tonna hasyl ýygnady. Ispaniýanyň ýakyn bäsdeşleri Fransiýa we Germaniýa ýylda degişlilikde, 96 we 92 müň tonna kädi öndürýär.
Ýewrostatyň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginde kädi we şoňa meňzeş bakja önümleriniň ekilen meýdany 24 müň gektara deň boldy. Kädi Ýewropa we Amerika ýurtlarynda geçirilýän gadymy keltlerden gözbaş alyp gaýdýan “Hellouin” baýramçylygynyň esasy nyşany bolup, oktýabr aýynda bu bakja önümine bolan isleg has-da artýar.