Zam­bi­ýa­nyň Ka­gem zü­mer­ret şah­ta­syn­da uly, üýt­ge­şik kris­ta­lyň üs­tün­den bar­yl­dy. Bu ba­ra­da mag­dan­da iş alyp bar­ýan bri­tan kom­pa­ni­ýa­sy “Gem­fields” ha­bar ber­ýär. Kris­ta­lyň sap ag­ra­my 5655 ka­ra­ta deň (1 ki­log­ram 130 gram). Onuň ýo­ka­ry du­ru­ly­gy hem-de al­tyn­sow-ýa­şyl öwüş­gi­ni bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny  kom­pa­ni­ýa­ny­ň iş­gär­le­ri bel­läp geç­ýär­ler. Ola­ryň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, soň­ky bir­nä­çe aý­da bu mag­da­nyň önüm­çi­li­gi has-da art­dy. Soň­ky wagt­lar ol ýer­den bir­nä­çe  kris­tal­la­r ýü­ze çy­ka­ry­ldy, ýö­ne ola­ryň hiç bi­ri­ hem özü­niň uly öl­çe­gi, ut­ga­şyk­ly tä­sin reň­ki we du­ru­ly­gy bi­len beý­le­ki daş­lar­dan ta­pa­wut­lan­ma­ýar.  – Bu öz­bo­luş­ly gym­mat ba­ha­ly da­şyň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy bi­ziň üçin hem-de zü­mer­ret dün­ýä­si bi­len iş sa­lyş­ýan­lar üçin mö­hüm wa­ka bo­lup dur­ýar – di­ýip, “Gem­fields” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gem­mo­lo­gy Ýe­le­ne Ba­sal­ýa aýt­dy.