Britaniýaly 33 ýaşly ýüzüji Ross Ejli Beýik Britaniýanyň daşyndan ýüzüp aýlanan ilkinji türgen bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ejli 1-nji iýunda Angliýanyň günorta-günbataryndaky Margit şäheriniň Kent graflygyndan ýüzüp ugrady. Türgeniň ýüzüşi 157 güne çekip, ol 3317 kilometr aralygy gulaçlap geçdi. Britaniýaly ýüzüji şu döwürde bir gezek hem gury ýere çykmady. Ýüzüş döwründe gözegçilik etmek üçin ýüzüjä gaýykly deňizçiler berkidildi hem-de gijelerine ýatyp dynjyny almagy üçin zerur şertler döredildi. Käwagt ol günde 12 sagatlap ýüzdi. Britaniýaly türgen öz syýahaty döwründe duş gelen kynçylyklary barada 4-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň “Sky News” teleýaýlymyna gürrüň berdi. Şeýle hem ol dil bilen beýan edip bolmaýan gözelliklere şaýat bolandygyny aýtdy.
Ross Ejli syýahatynyň 73-nji gününde deňizde iň uzak ýüzüşi amala aşyrýanlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna bellige alyndy. Mundan ozal, ol iki gezek rekordlar kitabyna giripdi: marafonda awtoulag süýräp ýeňiş gazanypdy, iki aý soňra bolsa, tanaply 19 sagatlap daga dyrmaşypdy.