Ame­ri­kan ast­ro­naw­ty Nil Armst­ron­ga de­giş­li kos­mos skfand­ry, me­dal­lar, fo­to­su­rat­lar, ýaz­gy­lar ýa­ly je­mi iki mü­ňe go­laý zat­lar we şah­sy goş­lar Te­has şta­ty­nyň Dal­las şä­he­rin­dä­ki “He­ri­ta­ge” auk­sio­nyn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Aý mis­si­ýa­sy bi­len bag­la­nyşk­ly bir­gi­den goş­la­ryň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bar. Armst­rong 2012-nji ýyl­da ara­dan çy­kan­dan soň­ra, ýa­kyn­la­ry onuň goş­la­ry­ny auk­sio­na çy­kar­ma­ly di­ýen ka­ra­ra gel­di­ler.
– Kos­mos mak­sat­na­ma­sy­na de­giş­li zat­la­ryň sa­tyl­ma­gy ba­bat­da aý­dy­lan­da bol­sa, me­ge­rem, Nil Armst­ron­guň goş­la­ry­na taý ge­lip bil­jek zat ýok bol­sa ge­rek. Çün­ki ol Aýa il­kin­ji aýak ba­san adam bo­lup, oňa äh­li adam­zat buý­sanç bi­len ga­ra­ýar – di­ýip, “He­ri­ta­ge” auk­sio­nu­nyň baş­ly­gy Grek Ro­an aýd­ýar. 1969-njy ýy­lyň 24-nji iýu­lyn­da ame­ri­kan ast­ro­naw­ty Nil Armst­rong we Bazz Old­rin “Apol­lon-11” kos­mos gä­mi­si­niň “Eag­le” mo­du­ly ar­ka­ly Aýyň üs­tü­ne gon­du­lar.