Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy 2016-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa ýurtlaryna eksport edýän tebigy gazynyň möçberini 3 göterim artdyrdy. Ýanwar-maý aýlarynda tebigy gazyň eksporty 71,53 milliard kubometre deň boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi internet saýty habar berýär.
– Şu ýylyň ilkinji bäş aýynda eksport möçberi 10 milliard kubometr ýa-da geçen ýylyň ýanwar-maý aýlary bilen deňeşdireniňde, 16,2 göterim köp boldy – diýip, kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Alekseý Miller belledi. Rus gazyny sarp edýän Germaniýada bu görkeziji 10,4 göterim, Fransiýada 35 göterim, Awstriýada 21,3 göterim, Gresiýada 85,8 göterim, Gollandiýada 103,8 göterim we Daniýada 139,3 göterim artdy.