Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şä­he­rin­de 48 sa­ny has haýal ös­ýän döw­let­le­riň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da Af­ri­ka, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Gai­ti hem bar. Olar, esa­san hem, ki­çi ada döw­let­ler we deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ýurt­lar.
Mas­la­hat­da Stam­bul dek­la­ra­si­ýa­sy­ bo­ýun­ça edi­len iş­le­riň ýag­da­ýy­na syn be­ril­di. Bu mak­sat­na­ma 5 ýyl mun­dan ozal, 2011-nji ýyl­da 10 ýyl möh­let bi­len taý­ýar­lan­ypdy. Bu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2021-nji ýy­la çen­li has haýal ös­ýän ýurt­la­ryň her bir ra­ýa­ty­nyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk we bi­lim hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gy hem-de ta­la­ba ­la­ýyk iý­mit­len­mek üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hal­ka­ra fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar mas­la­ha­tyň jem­le­ri bo­ýun­ça jar­na­ma ka­bul et­di­ler. Şon­da anyk tek­lip­ler we baş­lan­gyç­lar be­ýan edil­di. Bu ýer­de, esa­san hem, teh­no­lo­gi­ýa ban­ky­nyň dö­re­dil­me­gi ba­ra­da gür­rüň gid­ýär. Onuň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li Tür­ki­ýä­niň Geb­ze şä­he­rin­de açyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ban­kyň ga­ryp ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi üçin, esa­san hem, yl­my ugur­la­ra köp­räk go­şant goş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Soň­ky 5 ýy­lyň için­de di­ňe Sa­moa has haýal ös­ýän döw­let­le­riň ha­ta­ryn­dan çyk­ma­gy ba­şar­dy. Ýa­kyn wagt­da Wa­nau­tu­nyň, An­go­la­nyň we Ek­wa­tor Gwi­ne­ýa­nyň bu sa­naw­dan çy­ka­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Has haýal ös­ýän döw­let­ler­de 880 mil­li­on adam ýa­şa­ýar.