Fut­bol äle­mi­niň şa­sy ha­sap­lan­ýan bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy Pe­le 60 ýyl­lyk sport dur­mu­şyn­da ga­za­nan baý­rak­la­ry­ny we gym­mat­ly zat­la­ry­ny sa­tu­wa çy­kar­dy. “Ju­li­en’s Auctions” ta­ra­pyn­dan Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don şä­he­rin­de gu­ra­lan söw­da-sa­tu­wy 3 gün do­wam et­di. Dün­ýä­niň äh­li kün­je­gin­den müş­de­ri­le­riň on­laýn esas­da bu söw­da-sa­tu­wa gat­naş­ma­gyna müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Bu ba­ra­da “ABC On­li­ne” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär.
Bu söw­da-sa­tu­wy sport dün­ýä­si­niň ta­ry­hyn­dak­y iň uly çä­re­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. On­da 2 mü­ňe go­laý zat sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Mun­dan gel­jek gir­de­ji­niň 7 mil­li­on dol­lar­dan geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Dün­ýä bel­li fut­bol­çy­nyň fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ga­za­nan 3 me­da­ly, sport aýak­ga­by, Pe­le­niň ge­çi­ren 1000-nji go­lu­nyň ny­şa­ny bo­lan pök­gi sa­tu­wa çy­ka­ry­lan zat­la­ryň kä­bi­ri­dir.
Sa­tuw­da­ky zat­la­ryň ara­syn­da iň gym­ma­dy Žul Rim Ku­bo­gy­dyr (1970-nji ýyl­dan ozal, çem­pio­nyň ku­bo­gy şeý­le at­lan­dy­ryl­ýar­dy). Onuň ba­ha­sy­ 800 müň dol­la­ra go­la­la­ýar.
75 ýa­şyn­da­ky fut­bol­çy özü­ne de­giş­li zat­la­ryň dün­ýä­niň äh­li kün­je­gin­dä­ki mu­zeý­ler­de sak­lan­ma­gy üçin söw­da-sa­tu­wy­ny ama­la aşyr­ma­ga rug­sat be­ren­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem ol gel­jek gir­de­ji­niň bel­li bir bö­le­gi­ni yn­san­per­wer kö­me­gi hök­mün­de ulan­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Pe­le Hal­ka­ra fut­bol bi­le­le­şi­gi (FI­FA) ta­ra­pyn­dan XX asy­ryň fut­bol­çy­sy hem-de Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan bol­sa, XX asy­ryň tür­ge­ni hök­mün­de yg­lan edi­lip­dir. Ol dün­ýä­niň 3 ge­zek çem­pio­ny bo­lan ýe­ke-täk fut­bol­çy­dyr.