Türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary girdiler.
Hormatly Prezidentimiz “CAREC 2030: söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam bermek” atly foruma gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň CAREC maksatnamasynyň esas goýujy ýörelgelerini we onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary bütinligine goldaýandygyny belledi. Energetika, söwda, gümrük meseleleri, ulag, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeleri ösdürmek, adam ösüşi ýaly ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýan bu abraýly maksatnama şu ýyl biziň ýurdumyz başlyklyk edýär.
Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao maslahatda çykyş edip, CAREC ýurtlarynyň sebit söwdasyny we eksportuny giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy.
Ol şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň ösüş ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2000-nji ýylda başlanandygyny hem-de şol gatnaşyklaryň ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmak we sebit hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyny sazlaşdyrmak babatdaky tagallalaryny goldamaga gönükdirilendigini belledi. Geçen ýyl Aziýanyň Ösüş banky Türkmenistan boýunça 2017-2021-nji ýyllar üçin ilkinji strategiýany kabul etdi. Hyzmatdaşlygyň bu strategiýasy energiýa serişdeleriniň söwdasyny, ulag aragatnaşygyny hem-de kiçi we orta kärhanalaryň maliýeleşdirilmegini goldamaga gönükdirilendir.
Soňra ministrler maslahatynyň iş mejlisiniň öňüsyrasynda şu duşuşyga gabatlanylyp taýýarlanylan ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ylalaşyklar iki taslama – Türkmenistanyň milli elektrik ulgamyny pugtalandyrmak hem-de Täjigistany Merkezi Aziýa energetika ulgamyna birikdirmek taslamalary bilen baglanyşyklydyr. Ylalaşyklaryň ikisi hem Aziýanyň Ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler.
Maslahatyň çäklerinde CAREC-iň söwda ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin utgaşdyrylan maksatnamasy hem-de bu maksatnama boýunça 2020-nji ýyla çenli hereketleriň meýilnamasy biragyzdan goldanylandan soň, sebitde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek babatdaky bu strategik resminamalar kabul edildi.
Günüň ikinji ýarymynda “Ösüş we makroykdysady durnuklylyk üçin eksporty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek” meselesi boýunça iş maslahaty geçirildi. Onuň jemleri boýunça CAREC-iň 17-nji ministrler maslahatyň ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, forumyň netijeli işlemegi babatda iň gowy şertleriň döredilendigi, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ägirt uly şahsy goşandy hem-de bu ulgamdaky oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.