Aziýanyň, galyberse-de, dünýäniň iri maliýe edaralarynyň birine öwrülýän Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlary bankynyň paýdarlarynyň sany görnetin artýar. Bu barada beýanat beren bankyň başlygy Szin Lisýun 2016-njy ýylyň ahyryna çenli maliýe edarasynyň paýdarlary bolan ýurtlaryň sanynyň 100-e ýetmegine garaşylýar.
– 30-a golaý ýurt banka agza bolmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Olaryň 20-si eýýäm bu babatda anyk karara geldi. Bu hem biziň halkara abraýymyzy artdyrar – diýip, Szin Lisýun belledi.
Bu bank Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň 2013-nji ýyldaky başlangyjy esasynda 2016-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda döredildi. Ol Aziýa sebitindäki ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine goşant goşjak infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmegi maksat edinýär. Onuň wezipeleriniň arasynda karz bermek, maýa goýmak, kepil bolmak we tehniki kömekleri bermek ýaly maliýe hyzmatlary bar.
Bank döredilen wagty onuň esaslyk maýa goýumy 100 milliard dollara barabar boldy. Häzir onuň düzüminde 57 döwlet bar. Maliýe edarasynyň esasy paýdarlary Hytaý, Hindistan we Russiýadyr.