13-nji no­ýabr­da Sin­ga­pur­da “Çe­ýe­lik we in­no­wa­si­ýa” şy­ga­ry as­tyn­da Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (ASEAN) 33-nji sam­mi­ti öz işi­ne baş­la­dy. Bu hal­ka­ra mas­la­ha­tyn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­de dur­nuk­ly­lyk we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri sam­mi­tiň gün ter­ti­bi­niň esa­sy te­ma­sy bol­dy.
Sam­mi­tiň ikin­ji gü­nün­de Sin­ga­pu­ra res­mi sa­par bi­len ba­ran Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin ASEAN-yň sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. Onuň çäk­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da iki­çäk gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Pre­zi­dent Pu­tin Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe, Ma­laý­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ma­hat­hir Mo­ha­mad, In­do­ne­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Jo­ko Wi­do­da we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Mun Çže In bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Şeý­le hem Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da sin­ga­pur­ly kär­de­şi Ha­li­ma Ýa­kob we Prem­ýer-mi­nistr Li Sýan­lun bi­len ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­le­ri ge­çir­di. Şu ýyl Rus­si­ýa bilen Sin­ga­puryň arasynda dip­lo­ma­tik ­gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goýul­ma­gy­na 50 ýyl dol­ýar.
Şeý­le hem 14-15-nji no­ýabr­da 13-nji Gün­do­gar Azi­ýa mas­la­ha­ty­ ge­çi­ril­di. 2005-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu hal­ka­ra fo­ru­my­na hä­zir­ki wagt­da 18 ýurt gat­naş­ýar. Mas­la­hat­da äh­li­ta­rap­la­ýyn se­bit yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça gep­le­şik­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Hä­zir­ki wagt­da ASEAN-a Bru­neý, Wýet­nam, In­do­ne­zi­ýa, Kam­bo­ja, La­os, Ma­laý­zi­ýa, Mýan­ma, Sin­ga­pur, Tai­land we Fi­lip­pin­ler ýa­ly 10 ýurt gir­ýär. ABŞ, Rus­si­ýa, Awst­ra­li­ýa, Hin­dis­tan, Hy­taý, Tä­ze Ze­lan­di­ýa, Gü­nor­ta Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy we Ýa­po­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar bol­sa, gep­le­şik­ler bo­ýun­ça hyz­mat­daş bo­lup dur­ýar­lar.
Şu ýyl hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy Sin­ga­pur bo­lup, in­di­ki ýyl Tai­lan­d baş­lyk­lyk eder. Ge­çen ýyl Fi­lip­pin­ler gu­ra­ma baş­lyk­lyk edip­di. In­do­ne­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Ja­kar­ta­da ASEAN-yň mü­dir­li­gi ýer­le­şip, 2022-nji ýy­la çen­li onuň baş sek­re­ta­ry Lim Jok Hoý­dur. As­so­sia­si­ýa­nyň baş­lyk­ly­gy her ýyl elip­biý bo­ýun­ça üýt­ge­ýär.
Mas­la­ha­ta bir­nä­çe ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry, şol san­da, Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti Maýkl Pens, Çi­li­niň Pre­zi­den­ti Se­bast­ýan Pi­ne­ra, Awst­ra­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Skott Mor­ri­son, Hy­ta­ýyň Prem­ýer-mi­nist­ri Li Kes­ýan we Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe da­gy gat­naş­dy­lar.
Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy 1967-nji ýy­lyň 8-nji aw­gus­tyn­da yk­dy­sa­dy, so­si­al we me­de­ni ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk, şeý­le hem, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy go­ra­mak mak­sa­dy bi­len Bang­kok­da (Tai­land) dö­re­dil­ýär. ASEAN ýurt­la­ry­nyň ila­ty 642,4 mil­li­on ada­ma ba­ra­bar. ASEAN-yň je­mi içer­ki önü­mi 2,7 tril­li­on dol­la­ra, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy 2,5 tril­li­on dol­la­ra deň.
Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da­ky 10 ýur­duň se­bit­le­ýin döw­le­ta­ra sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gu­ra­ma­sy­dyr. Onuň iň ýo­ka­ry or­ga­ny döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň sam­mi­ti bo­lup, ýyl­da iki sa­par ge­çi­ril­ýär.