Ženewanyň “Christie’s” auksionynda 50 million dollara gülgün göwher satyldy. Agramy 20 karata deň bolan “Pink Legacy” atly bu göwher amerikan kompaniýasy “Harry Winston” tarapyndan satyn alyndy.
Hünärmenler reňklere has doýgunlygy üçin bu gönüburçly taraşlanan daşa ýokary baha berýärler. Ol auksionyň taryhynda iň parlak we göz gamaşdyryjy açyk gyzyl reňkli seýrek duş gelýän göwherdir. Bilermenleriň pikirine görä, gymmatbahaly daşyň özboluşly aýratynlygy we gelip çykyşy onuň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar. Bu gymmatbahaly gülgün reňkli daş mundan ozal, altyn gazyp alýan “Anglo American” korporasiýasyny esaslandyran we almaz işläp çykarýan “De Beers” kompaniýasyny dolandyran Oppengeýmerleriň maşgalasynyň kolleksiýasyna degişlidi. Bu daş 100 ýyl töweregi mundan ozal, Günorta Afrikanyň magdan känleriniň birinden ýüze çykarylypdyr. “Christie’s” auksionynyň altyn-kümüş bölüminiň başlygy Rahul Kadakiýa bu daşy “dünýäniň iň nepis göwheri” diýip atlandyrdy.