Italiýanyň Alba şäheriniň golaýyndan tapylan iň oňat domalanyň bir gramyna ýüz ýewrodan tölediler. Söwdada jemi 850 gram domalana 85 müň ýewro tölenip, satyn alanyň ady mälim edilmedi. Italiýanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ol Gonkonguň garbanyşhanalarynyň biriniň hojaýynydyr.
Ak domalanyň ösýän ýeri bolan Italiýanyň Peoment sebitinde her güýzde ýarmarka geçirilýär. Olaryň irileri hemişe tapdyryp durmaýar, tapylaýanda-da, oňa ýokary nyrh kesilýär. Ýöne bu gezek hasyl örän gowy getirdi. Geçen ýyl guraklyk bolsa-da, bir gram domalanyň bahasy 7 ýewrodan geçmeýärdi.