Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gin­i 2018-nji ýyl­da 3,3%, 2019-njy ýyl­da bol­sa, 2,9% tö­we­re­gi bo­lar. Bu barada ABŞ-nyň hal­ka­ra reý­ting agent­li­gi “Moo­dy’s”-iň ha­sa­ba­tyn­da mä­lim edil­ýär.

Hytaý­da ýur­duň iň çuň­ su­was­ty tun­ne­li­niň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy. 8,1 ki­lo­met­re uza­ýan bu tun­ne­liň 3,49 ki­lo­met­ri su­wuň as­tyn­dan geç­ýär. Ol Hy­ta­ýyň gün­do­ga­ryn­da­ky Şan­du we­la­ýa­ty­nyň Sin­dao por­tu­nyň gün­do­gar we gün­ba­tar bö­lek­le­ri­ni bir­leş­dir­ýär. Tä­ze tun­ne­liň iň çuň ýe­ri deň­ziň 88 metr as­tyn­dan geç­ýär.

Du­baý­da 2019-njy ýyl­da 17 müň ada­ma ni­ýet­le­nen “Du­bai Are­na” at­ly üs­ti ýa­pyk sta­di­on ulan­ma­ga ber­ler. Onuň gur­lu­şy­gy dün­ýä bel­li “Me­ras” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan amala aşyrylýar. Onuň kon­sert­le­ri we dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin tä­ze mer­kez bol­jakdygy aýdylýar. Şeý­le hem bu sta­di­on­da dür­li sport ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Ýa­kyn Gün­do­gar ýur­dy Ka­tar Emir­li­gi­ne 2008-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek ygal düş­di. 11-nji no­ýabr­da güýç­li çab­ga­ly ho­wa he­re­ke­ti Ka­tar bi­len bir­lik­de, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na we Ku­weý­te ara­laş­dy. Ka­taryň ýa­şaý­jy­la­ry şeý­le güýç­li ýel­li ýa­g­şyň soň­ky 10 ýyl­da bol­mandy­gy­ny aýdýarlar.

Lon­do­nyň “Chris­tie’s” auk­sio­nyn­da dün­ýä bel­li iň­lis fi­zi­gi we ýa­zy­jy­sy Sti­wen Ho­kin­giň ma­ýyp­lyk otur­gy­jy­na 400 müň dol­lar tö­läp, sa­tyn al­dy­lar. Bu pul­lar Ho­kin­giň ady­ny gö­ter­ýän ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na ge­çi­ril­di. Hoking 1988-nji ýyl­da ne­şir edi­len “Wag­tyň gys­ga ta­ry­hy: uly part­la­ýyş­dan, tä ga­ra çuň­lu­ga çen­li” at­ly ki­ta­by bi­len uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy.

Ie­ru­sa­lim auk­sio­nyn­da dünýä bel­li fi­zik Al­bert Eýnş­teý­niň ha­ty 13-nji no­ýabr­da sa­tu­wa çy­kar­y­ldy. Hat 1922-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­ty diý­lip se­ne­le­nip­dir. Eýnş­teýn ony öz aýal do­ga­ny­na ýa­zan eken. Auk­si­on­çy­lar on­dan 15 müň dol­lar­dan 20 müň dol­la­ra çen­li ga­zan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler.

Nýu-Ýor­kuň “Ju­li­en’s Auctions” auk­sio­nyn­da pop-saz­la­ry­nyň şa­sy Maýkl Jek­so­nyň 1987-89-njy ýyl­lar­da ge­ýen kel­tek­çe­si 298 müň dol­la­ra sa­tyl­dy. Şol dö­wür­ler­de Jek­son özü­niň “Bad” al­bo­mu­ny köp­çü­li­ge hö­dür­läp­dir. Gu­şak­ly, ga­ra kel­tek­çä­niň baş­lan­gyç ba­ha­sy 100 müň dol­la­ra deň bo­lup­dyr.

Fran­suz şa aýa­ly Ma­ri­ýa-An­tua­net­ta­nyň (1755-1793) şaý-sep­le­ri Že­ne­wa­da ge­çi­ri­len auk­si­on­da 42,7 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. “Sot­he­by’s” auk­si­on öýü­niň Ýew­ro­pa bo­ýun­ça baş­ly­gy Da­nie­la Mas­ket­ti hä­zi­re çen­li hiç bir göw­her kol­ýe­niň beý­le gym­mat sa­tyl­man­dy­gy­ny aýt­dy. Sa­ty­lan şaý-sep­le­riň ara­syn­da ysyr­ga, gül­ýa­ka, ýü­zük ýa­ly je­mi 10 bö­lek bar.