“MarketWatch” portalynyň habaryna görä, dünýäniň iň hoşal syýahatçylary çeh jahankeşdeleri bolup çykdy. “GetYourGuide.com” syýahatçylyk hyzmatlaryny amala aşyrýan firmanyň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, çehiýaly jahankeşdeler dynç alýan ýerlerinden gaýdan wagtlary mydama özüniň hoşallygyny bildirýän eken. Olaryň 92,3 göterimi arza-şikaýat depderçesine özlerine edilýän hyzmatlardan razydygyny nygtapdyrlar. Bu ugurda ikinji orun Russiýa, üçünji ýer Polşa degişlidir. Şeýle hem Malta, Rumyniýa, Awstriýa, Norwegiýa, Germaniýa we Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň jahankeşdeleri hoşal syýahatçylaryň hatarynda durýar.