Tür­ki­ýä­niň Egeý deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Ku­şa­da­sy şä­he­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry sy­ýa­hat­çy çek­me­giň tä­ze usul­la­ry­ny oý­lap tap­ýar. Bu ge­zek olar has köp ja­han­keş­de çek­mek üçin Egeý deň­zi­ne “Air­bus 300” ky­sym­ly ýo­lag­çy uça­ry­ny gark et­di­ler. 54 metr­lik laý­ner su­wuň as­tyn­da­ky tä­sin rif­le­riň bi­ri­ne öw­rü­ler. Bu uça­ryň ba­ha­sy 91,5 müň dol­la­ra deň­dir. Ony su­wa gark et­mek üçin 2,5 sa­gat ge­rek bol­dy. Uça­ry su­wuň aşa­gy­na ýer­leş­dir­mek üçin ýö­ri­te teh­ni­ka­lar ula­nyl­dy.
– Tas­la­ma­nyň mak­sa­dy Ku­şa­da­sy­nyň su­was­ty dün­ýä­si­niň dür­lü­li­gi­ni art­dyr­mak­dan hem-de bu go­laý­da daý­wing sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek­den yba­rat – di­ýip, şäheriň ýol­baş­çy­sy Aý­dyn Öz­lem Çer­çi­og­lu ha­bar ber­di.
Bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de goş­ma­ça 250 müň sy­ýa­hat­çy çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu uçar Tür­ki­ýe­de daý­wing sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek üçin gark edi­len il­kin­jisi däl. Mun­dan ozal, An­tal­ýa­nyň de­ňiz ke­nar­la­ryn­da 3 sa­ny uçar gark edi­lip, sy­ýa­hat­çy­lar üçin deň­ziň as­tyn­da­ky gö­zel­lik­le­ri syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­lip­di.