21-nji noýabrda Bütindünýä telewideniýe güni bellenildi. Bu baýramçylyk Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1996-njy ýylda döredilipdi. Ol birinji Bütindünýä teleýaýlym forumyna bagyşlanyp esaslandyryldy. Baýramçylygyň maksady – tutuş dünýäde parahatçylygyň hem-de ösüşiň ilerledilmeginde telewideniýäniň ähmiýetine üns çekmekden ybaratdyr. Bu baýramçylygyň döredilmegine gatnaşyjylar dünýä ýurtlaryny parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ösüşiň gazanylmagyna hem-de medeni arabaglanyşygy güýçlendirmäge gönükdirilen telegepleşikleriň taýýarlanyp, teletomaşaçylara ýetirilmegini gazanmaga çagyrdy.
Asly russiýaly amerikan inženeri Wladimir Zworykiniň telewizory oýlap tapmagy bilen ol durmuşymyza aralaşdy. Häzirki wagtda ol aragatnaşyk hem-de globallaşmagyň nyşany hasaplanýar. Bu baýramçylygyň bellenip başlanmagyna köp wagt geçmändigine garamazdan, adamzadyň oýlap tapan beýik zady öz gözbaşyny XX asyrdan alyp gaýdýar. Şonda ABŞ-da, Ýaponiýada we ozalky Sowet Soýuzynda elektron şöhleleri arkaly belli aralykda suratlaryň alnyp berilmegi ýola goýuldy.
Köp ýyllaryň dowamynda telewizoryň esasy bölegi bolup hyzmat eden katod turbajygy Wladimir Zworykin tarapyndan 1933-nji ýylda oýlanyp tapyldy. 3 ýyldan soňra Beýik Britaniýada we Germaniýada yzygiderli telegepleşikler berlip başlandy. 1939-njy ýylda ozalky Sowet Soýuzynda we 1941-nji ýylda ABŞ-da bu iş ýola goýuldy.
Ýyllaryň geçmegi bilen telewideniýe dünýäde giňden ýaýrap ugrady. 1970-nji ýyllaryň ahyrynda ol tutuş dünýäni gurşap aldy. Häzirki wagtda 100 ýyl mundan ozal dünýäde telewideniýe diýen düşünjäniň ýokdugyny oýuňa getirmek hem kyn bolsa gerek.
Dünýäniň iri telekompaniýalarynyň käbiri şulardan ybarat: ABŞ-da – NBC, CBC, ABC; Germaniýada – ZDF; Beýik Britaniýada – BBC we ATV; Italiýada – RAI; Ýaponiýada – NHK. Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly, telegepleşikleriň görkezilmeginiň formaty analogdan sanlaýyn ulgama geçirildi.
Bu barada käbir gyzykly maglumatlar:
Amerikanyň СNN teleýaýlymy gije-gündiz täzelikleri ýaýlyma beren ilkinji teleýaýlymdyr. Häzirki wagtda onuň teletomaşaçylarynyň sany tutuş dünýäde 1 milliarddan gowrakdyr.
Teleýaýlymdaky ilkinji tölegli mahabat 1941-nji ýylyň 1-nji iýulynda ABŞ-nyň teleýaýlymlarynyň birinde berildi. Ony “Bulova Watch Company” sagat kompaniýasy sargyt etdi. Mahabatyň bahasy 9 dollara deň boldy.
“Santa-Barbara” serialy teleýaýlymdaky iň köp dowam eden serial hasaplandy. 12762 bölümli bu teleseriala tomaşaçylaryň birnäçe nesli tomaşa etmek mümkinçiligine eýe boldy.
Her bir adam ömrüniň ortaça, 15 ýylyny telewizora tomaşa etmäge sarp edýär.
Iň gymmat telewizoryň bahasy 2 250 000 dollar bolup, onuň daşy altyn we göwherden ýasalypdyr.
Iň gymmat mahabat “Chanel” brendine degişli bolup, onuň bahasy 33 million dollara deňdir. Bu mahabatda dünýä belli aktrisa Nikol Kidman surata düşdi we 2 minutlyk mahabat keşbi üçin 3 million dollar aldy.
Rahman JAMYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.