Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy “Saudi Aramco” geljek 10 ýylyň içinde ýurduň nebit-himiýa pudagyna 200 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Amin al-Nasser habar berdi.
– Biziň ägirt uly baýlyklarymyz ýene-de ençeme ýyllap ygtyýarymyzda bolar. Biz häzir nebit-gazy diňe bir ulag we energetika pudagynda däl, eýsem, köp sanly beýleki pudaklarda hem ulanmak mümkinçiliklerimize garaýarys. Häzirki wagtda himiýa senagaty ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri bolup, nebit-himiýa önümçiligine ugradylýan nebitiň mukdaryny günde 2-3 million barrele ýetirmegi maksat edinýäris – diýip, Amin al-Nasser aýtdy. – Biz “Saudi Basic Industries Corporation” (SABIC) nebit-himiýa korporasiýasyna geljek 10 ýylyň içinde 200 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýäris. Eger-de biz senagaty bilelikde ösdürsek, onda has uly üstünlik gazanarys – diýip, ol belläp geçdi.