19-njy no­ýabr­da Stam­bul­da “Türk aky­my” gaz ge­çi­ri­ji­si­niň de­ňiz bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra Tür­ki­ýä­niň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan we Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin gat­naş­dy­. Da­ba­ra­da iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri wi­deo şe­kil­li ara­gat­na­şyk ar­ka­ly tur­ba ge­çi­ri­ji­niň iň soň­ky bö­legini dü­şe­mä­ge yg­ty­ýar ber­di­ler. “Gazp­rom” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Alek­seý Mil­ler deň­ziň aşagyndan tur­ba dü­şe­mä­ge ni­ýet­le­nen “Pio­nee­ring Spi­rit” gä­mi­si­niň bor­tun­dan ta­ry­hy pur­sat­la­ra şa­ýat bol­dy.
“Pio­nee­ring Spi­rit” gä­mi­si bir gi­je-gün­diz­de 4,3 ki­lo­met­re çen­li tur­ba çek­mä­ge ukyp­ly­dyr. Şeý­le­lik­de, 930 ki­lo­met­re uza­ýan tur­ba Ga­ra deň­ziň 2200 metr as­tyn­dan çe­kil­di. “Gazp­rom” bu gaz ge­çi­ri­ji­niň de­ňiz bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­na 2017-nji ýy­lyň ma­ýyn­da baş­lapdy. Kuw­wat­ly­ly­gy ýyl­da 31,5 mil­liard kub­met­re ba­ra­bar bo­lan “Türk aky­my­nyň” iki şa­ha­sy Rus­si­ýa­nyň Kras­no­dar ül­ke­si­niň Ana­pa şäheriniň golaýyndan ugur alyp, deň­ziň as­ty bi­len Tür­ki­ýä­niň Ýew­ro­pa bö­legi­niň ke­nar­la­ry­na çen­li ba­ryp ýet­ýär. Soň­ra ol Gre­si­ýanyň üsti bi­len Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ak­dy­ry­lyp bil­ner. Gaz geçirijiden il­kin­ji ga­z 2019-njy ýy­lyň ahy­ryn­da akdyrylyp başlanar.