Birmahallar “Titanik” gämisiniň kapitanyna degişli bolan ýüz görülýän aýnany satuwa çykarmak meýilleşdirilýär. Artefaktyň bahasynyň çen bilen 10 müň funt sterlinge (12 müň dollardan gowrak) barabar boljakdygy aýdylýar. Aýnanyň 110 ýyl töweregi ýaşy bar, ýöne ol juda oňat saklanypdyr. Edward Jon Smit ony Atlantika arkaly iň soňky ýüzüşine rowana bolmazdan ozal, Stok-on-Trentdäki öýüniň geýim-gejim asylýan yşgabynyň gapdalyndaky stoluň üstünde goýan eken.
Kapitanyň aradan çykanlygy belli bolandan soňra, oňa hyzmat edýän Etelwin atly zenan bu aýnany ýadygärlik üçin alypdyr. Şeýlelikde, bu aýna uzak ýyllap, onuň maşgalasynda saklanypdyr. Bu artefakty bäş ýyl mundan ozal Dewid Smit satyn alypdyr.
Aýnanyň söwdasy dekabr aýyna meýilleşdirilýär. 2019-njy ýylyň aprelinde ägirt uly gäminiň heläkçilige uçramagyna 107 ýyl dolýar. Mundan ozal, “Titanik” gämisinde berlen ilkinji günortanlyk naharynyň menýusy 140 müň dollara satylypdy.