Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti 2019-njy ýy­lyň 1-nji ma­ýy­ny Mil­li baý­ram­çy­lyk gü­ni di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky ka­nu­ny tas­la­ma­ny tas­syk­la­dy. Şol gün hä­zir­ki mi­ras­dü­şer şa­za­da Na­ru­hi­to ýur­duň tä­ze im­pe­ra­to­ry bo­lar. Gel­jek ýy­lyň 22-nji okt­ýab­ry hem şeý­le de­re­jä eýe bo­lup, şol gün köşk­de tä­ze mo­nar­hyň tag­ta çyk­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ri­ler. Bu ka­nu­n tas­la­ma­sy ýur­duň Par­la­men­tin­de ka­bul edi­len­den soň­ra, Ýa­po­ni­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry 10 gün dynç alar­lar. Şeý­le hem, bu baý­ram­çy­lyk­la­ryň di­ňe 2019-njy ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­a we 22-nji okt­ýab­ryn­a de­giş­li­di­gi ha­bar be­ril­ýär.
Ýa­po­ni­ýa­nyň hä­zir­ki im­pe­ra­to­ry 84 ýaş­ly Aki­hi­to ýa­şy­nyň bir çe­ne ba­ran­ly­gy se­bäp­li, dynç al­şa çyk­mak­çy­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Mil­li ka­da-ka­nun­lar mo­nar­hyň ömür­lik tagt­da gal­ma­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar, em­ma Aki­hi­to­nyň ha­ýy­şy ka­da­dan çyk­ma hök­mün­de ka­bul edil­di. Şeý­le­lik­de, ol gel­jek ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de tagt­dan gi­dip, onuň ýe­ri­ne 58 ýaş­ly uly og­ly Na­ru­hi­to im­pe­ra­tor bo­lar.
Mi­ras­dü­şer şa­za­da Na­ru­hi­to 1960-njy ýy­lyň 23-nji few­ra­lyn­da To­kio­da dün­ýä in­ýär. Şa­za­da ça­ga­ly­gyn­dan aý­dym-saz, ten­nis, da­ga dyr­maş­mak, at mün­mek we beýs­bol bi­len gy­zyk­lan­ýar. Ol 1983-86-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da Oks­ford uni­wer­si­te­ti­niň ýa­nyn­da­ky Mer­ton kol­le­jin­de oka­ýar. 1988-nji ýyl­da Ga­kus­ýu­in uni­wer­si­te­tin­de ta­ryh ylym­la­ry­nyň ma­gist­ri di­ýen yl­my de­re­jä eýe bol­ýar. Na­ru­hi­to suw ekoul­ga­my­nyň me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­rip, bu te­ma bo­ýun­ça ýa­zan yl­my ma­ka­la­la­ry bi­len ta­nal­ýar. 1993-nji ýyl­da mi­ras­dü­şer şa­za­da ozal­ky dip­lo­mat, BMG-niň Hal­ka­ra ka­zy­ýe­ti­niň baş­ly­gy­nyň gy­zy Ma­sa­ko Owa­da öý­len­ýär. Owa­da ça­ga­ly­gy­ny Mosk­wa­da ge­çi­rip, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da we ABŞ-da bi­lim al­ýar. 2001-nji ýyl­da ola­ryň gy­zy Aý­ko dün­ýä in­ýär.
Şeý­le­lik­de, 2019-njy ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da Na­ru­hi­to Ýa­po­ni­ýa­nyň 126-njy im­pe­ra­to­ry bo­lar.