Beýik Britaniýanyň “Foster and Partners” binagärlik edarasy Londonuň täze gökdiräniniň dizaýnyny işläp düzdi. Beýik Britaniýanyň paýtagtynda beýikligi boýunça ikinji boljak bu bina “Çigildem” (The Tulip) diýlip atlandyrylar. Britan paýtagtynyň beýik binalarynyň arasynda birinjilik derejesi “Aýna gyýçak” (The Shard) binasyna degişli bolup, onuň belentligi 310 metre barabardyr. “Çigildemiň” belentligi bolsa, 304 metre deň bolup, onuň gurluşygyna 2020-nji ýylda girişiler.
“Çigildem” gökdiräniniň binasynda ylym-bilim merkezleri we edaralary, şeýle hem, garbanyşhanalardyr barlar ýerleşer. Elbetde bu bina güýmenjesiz hem bolmaz: bu gökdirände daşy aýna bilen örtülen şarlar hereket edip, oňa münenler London şäherini guş uçar belentlikden synlamaga mümkinçilik alarlar. Ýokarky gatynda şäheri synlamak üçin ýörite meýdança hem bolar.