Ger­ma­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti 2025-nji ýy­la çen­li eme­li aňy ös­dür­mek bi­len bag­ly yl­my bar­lag­la­ra we teh­no­lo­gi­ýa­la­ra goş­ma­ça 3 mil­liard ýew­ro ma­ýa goý­ma­gy ni­ýet edin­ýär. Ýurduň yk­dy­sa­dy­ýet we ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Pe­ter Alt­ma­ýer golaýda Pots­dam­da ge­çi­ri­len öý­jük­li teh­no­lo­gi­ýa ba­gyş­la­nan mas­la­ha­t­da Ger­ma­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň emeli aň babatda öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri bol­ma­gy maksat edinýändigini mä­lim et­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, hu­su­sy ma­ýa­dar­lar hem bu ug­ra ep-es­li çyk­da­jy ed­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, 2025-nji ýy­la çen­li eme­li aňa goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň muk­da­ry 6 mil­liard ýew­ro ba­ra­bar bo­lar.
– Biz Ger­ma­ni­ýa­da eks­port mak­sat­ly dö­re­di­len or­ta telekeçilik kär­ha­na­la­rynyň we kom­pa­ni­ýa­la­rynyň öý­jük­li teh­no­lo­gi­ýa­ny has köp or­naş­dyr­mak­la­ry­na ta­gal­la ed­ýä­ris. Çün­ki, olar içer­ki mil­li gir­de­ji­ni goş­ma­ça ösüşler bilen artdyrmaga ukyp­ly­dyr­lar – di­ýip, Alt­ma­ýer bel­läp geç­di.

In­no­wa­si­ýa ser­ma­ýa goý­ýar

Ne­mes yk­dy­sa­dy­ýe­ti in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we hyz­mat­la­ra hem has köp ma­ýa goý­ýar. 2017-nji ýyl­da yl­my bar­lag­la­ra bö­lü­nip ber­len pul­la­ryň ýyl­lyk ha­sa­by çy­ka­ry­lan­da 9,3% ýa-da 68,6 mil­liard ýew­ro deň bol­dy. Bu ba­ra­da Yl­ma ýar­dam ber­mek bo­ýun­ça ne­mes gaz­na­la­ry­nyň bi­le­le­şi­gi mä­lim ed­ýär.
Yl­my bar­lag­lar pu­da­gyn­da iş­le­ýän iş­gär­le­riň sa­ny hem ar­typ, 20 müň­den 432 müň ada­ma ba­ra­bar bol­dy. Umu­man, döw­le­tiň goý­be­ren pul­la­ry­nyň ha­sa­by­na Ger­ma­ni­ýa­nyň yl­my bar­lag­la­ra sarp eden se­riş­de­le­ri ge­çen ýyl­yň je­mi içer­ki önü­miň 3,02 gö­te­ri­mi­ne deň bo­lup­dyr.