Portugaliýanyň Orike şäheriniň golaýynda Ýewropada iň uly Gün elektrik bekedi işe girizildi. Onuň energiýa kuwwatlylygy 25 müň hojalygy üpjün etmäge ýeterlik bolup, kömürturşy gazynyň howa goýberilişini ýylda 50 müň tonna azaltmaga ýardam eder. Portugaliýada täze elektrik bekediniň işe girizilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2020-nji ýyla çenli öňde goýlan maksatlara ýetmekde aýgytly ädim boldy. Häzirki wagtda ýurtda täzelenýän energiýanyň paýy 29%-e deň bolup, bu görkeziji 2020-nji ýyla çenli 31%-e ýeter.
Ýewropanyň maglumat edarasy “Eurostat”-yň maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginde öndürilýän energiýanyň 17%-i gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alynýar. 2020-nji ýyla çenli onuň paýy 20%-e çenli artar. Ýewropa Bileleşiginiň 11 ýurdunda 2020-nji ýyla çenli “ýaşyl” energetika boýunça milli meýilnamalar durmuşa geçiriler.