Halkara pul gaznasynyň başlygy Kristin Lagard dünýä ýurtlarynyň merkezi banklaryna özleriniň hususy elektron walýutasyny çykarmak barada pikirlenmegi teklip etdi. Ol bu barada Singapurda geçirilen maliýe tehnologiýasy maslahatynda mälim etdi.
– Biziň indi elektron walýuta çykarmak mümkinçiliklerimize seretmäge wagt ýetdi diýip pikir edýärin. Döwlet öz ykdysadyýetini elektron pullar bilen dolandyrmakda zerur çäreleri amala aşyryp biler – diýip, Kristin Lagard aýtdy.
Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçysy Kanadanyň, Hytaýyň, Şwesiýanyň we Urugwaýyň merkezi banklaryny mysal getirip, bu ýurtlaryň eýýäm bu meseläniň üstünde çynlakaý işleýändiklerini belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, merkezi banklar tarapyndan adaty pul alamatlary bilen elektron walýutalaryň çykarylmagy jemgyýetiň täze maliýe guralyna ynamynyň ýokarlanmagyna we onuň meşhurlygynyň artmagyna sebäp bolar.