Norwegiýanyň Bergen şäherinde geçirilen “World Cheese Awards” halkara bäsleşiginde dünýäniň iň gowy peýniri saýlandy. Bu peýnir Ostegardeniň fermasynda öndürilip, “Fanaost” diýlip atlandyrylýar. Ikinji orun hem norwegleriň “Helfeit” atly peýnirine berildi. Bu önüm geçi süýdünden taýýarlanyp, goňur reňki bilen tapawutlanýar.
Bäsleşikde dünýäniň 41 ýurdundan 3472 görnüşli peýnir hödürlenip, olaryň 175 görnüşi Norwegiýada öndürilipdir. Bäsleşige Italiýadan, Fransiýadan, Germaniýadan we Şweýsariýadan getirilen peýnirler hödürlendi. Ýeňijini ökde hünärmenlerden ybarat bolan emin agzalary saýlady. Olar esasan, peýniriň daşky görnüşine, gabygynyň hiline we tagamyna baha berdiler. Şu ýylyň baş baýragy “Fanaost” atly peýniriň eýesi Ostegardene gowşuryldy. Iki ýyl mundan ozal, “Kraftkar” atly norweg peýniri 30 ýyldan soň, ilkinji gezek şeýle bäsleşikde dünýä ykraryýetine mynasyp bolupdy.