Wengriýaly nanbaý “Dünýäniň iň ökde nanbaýy” atly sanawa öz adyny ýazdyrmagy başardy. Üstümizdäki ýylda “Ýokary hilli çörek” ugry boýunça “World Bread Awards” bäsleşiginiň baýragy wenger nanbaýy Iştwan Nadhazä berildi. Bu bäsleşik 2013-nji ýyldan bäri Londonda geçirilýär we oňa Beýik Britaniýanyň ähli çörek bişirijileri gatnaşyp bilýär.
Şu ýylky baýragyň eýesi Iştwan Nadhazi ýedi ýyl mundan ozal, aýaly bilen birlikde, Beýik Britaniýa göçüp baryp, “Gail” çörekhanasynda zähmet ýoluna başlaýar. Soňra ol özüniň “Ms Bakery” atly maşgala biznesine başlap, şol döwürde öz bişiren çöreklerini bäsleşigiň emin agzalaryna hödürlemegi niýet edinýär.
Çörek önümçiligi Beýik Britaniýanyň iri pudaklarynyň biri bolup, her günde ýurtda 12 million töweregi çörek satylýar. Bäsleşigiň emin agzalary nanbaýlyk senediniň soňky onýyllykda belli bir derejede pese gaçandygyny aýdýarlar. Şoňa görä, “World Bread Award”-yň esasy maksady, çörek bişirmek sungatyny has-da ösdürmekden ybaratdyr.