“Du­bai Airs­how – 2019” hal­ka­ra awia­ser­gi­sini­ gel­jek ýy­lyň no­ýab­ryn­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ri­lip, on­da hä­zir­ki za­man raýat awiasiýasyna hem-de harby howa güýçlerine de­giş­li uçar­la­r gör­ke­zi­ler. Awia­ser­gi­de dün­ýä­niň awia en­jam­la­ry­ny ön­dü­ri­ji­ler hem öz­le­ri­niň iň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny hö­dür­lär­ler.
Bu awia­ser­gi Al-Mak­tum adyn­da­ky awia­şä­her­çe­de ge­çi­ri­lip, ol “Teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hal­ka­ra ser­gi­si we ae­ro­port­lar üçin çöz­güt­ler”, “Kos­mos pa­wil­ýo­ny we BAE-niň mas­la­ha­ty”, “Pi­lot­syz uç­ýan en­jam­la­ryň ser­gi­si”, “Ho­wa ar­ka­ly ýük gat­na­wy­nyň ser­gi­si”, “Uçar­man­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça mas­la­hat” ýa­ly bäş sany esa­sy bö­lüm­den yba­rat bo­lar. Ilkinji gezek 1986-njy ýylda “Arab Air” ady bilen geçirilen sergi 1989-njy ýyldan başlap, “Dubai Airshow” ady bilen has ýokary derejede guralýar.