Öňdebaryjy nemes ulag öndürijileri howa gurşawyna goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak maksady bilen, dizel hereketlendirijili her bir awtoulaga goşmaça 3 müň ýewro harçlamaga borçly edildi. Degişli ylalaşyk kompaniýanyň wekilleri bilen ýurduň transport ministri Andreas Şoýeriň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanyldy. Bu ýerde gürrüň köne dizel hereketlendirijili ulaglary gaýtadan abzallaşdyrmak ýa-da köne awtoulaglaryny täzesine çalyşýan müşderilere pul baýragyny bermek barada barýar. Ministriň aýtmagyna görä, bu çäräniň maksady ekologik taýdan has arassa ulaglary satyn almak höwesini döretmekden ybaratdyr.
Golaýda Germaniýanyň ýerli kazyýeti Kýoln we Bonn şäherleriniň şäher häkimiýetlerine köne dizel hereketlendirijili awtoulaglaryň hereketine çäklendirme girizmek barada görkezme berdi. Ol indiki ýylyň 1-nji aprelinden güýje giriziler. “Dizellere” bölekleýin gadagançylyk eýýäm Gamburgda hereket edýär, ol öňümizdäki ýylyň 1-nji ýanwarynda Ştutgartda, ýylyň ortalarynda bolsa, Berlinde güýje giriziler.
2040-njy ýyla çenli azaldylar
Ispaniýanyň hökümeti 2040-njy ýyla çenli howa gurşawyna zyýanly hapa gazlary goýberýän dizel we benzin hereketlendirijili awtoulaglary satmagy we bellige almagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Şeýle çäreler hökümetiň partiýalara hödürlän howanyň özgermegi hakyndaky kanuny taslamasynda hem göz öňünde tutulýar. Hökümet ony şu ýylyň ahyryna çenli Parlamentiň garamagyna hödürlemegi maksat edinýär.
Mahlasy, 2050-nji ýyla çenli ispan ýollarynda howany hapalamaýan ekologik taýdan arassa awtoulaglaryň hereket etmegi göz öňünde tutulýar. Çäklendirmeler ahyrsoňy benzinli we dizelli awtoulaglardan başga-da, gibrid we suwuklandyrylan gaz bilen işleýän awtoulaglara hem degişli ediler.
Häzirki wagtda şunuň ýaly kanuny taslamalar Germaniýada, Fransiýada, Norwegiýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem işlenip düzülýär.