Şu günki günde tutuş dünýäde söwda harytlarynyň 80 göterimden gowragy deňiz arkaly daşalýar. 2050-nji ýyla çenli ýük daşalyşyna bolan isleg üç esse artar. Eýsem, deňiz ulag düzüminiň häzirki infrastrukturasynyň şertlerinde bu ýagdaýa nähili jogap agtarmaly? Şu we beýleki meseleler şu hepdede Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (UNCTAD) hasabatyna görä, 2017-nji ýylda deňiz arkaly daşalan ýükleriň dünýä boýunça möçberi 3,8 göterim artyp, 10,7 milliard tonnadan ybarat boldy, 2018-2023-nji ýyllar aralygynda bu möçberiň jemi ösüşi hem ýylda 3,8 göterime deň bolar.
BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahatynyň geňeşiniň agzalary durnukly ösüşiň maksatlaryny ilerletmekde deňiz transportunyň möhüm ähmiýetini nygtap, deňiz transportunyň hyzmatlaryna bolan islegiň barha artmagynyň dünýäniň ilatynyň köpelýänliginiň, sarp edijileriň isleginiň ýokarlanýanlygynyň, senagat işleriniň we söwdanyň ýaýbaňlanýanlygynyň hem-de ýokary depginli urbanizasiýanyň netijeleri bilen berk baglanyşyklydygyny belläp geçdiler.
Bilermenleriň pikirine görä, deňiz arkaly ýük daşamak pudagy hemişe öýjükli tehnologiýa we innowasiýanyň ösüşi bilen sazlaşykly gitmeýär, emma bu tehnologiýalaryň köp bölegi pudagyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyryp biler. Ýakyn wagtda BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahatyna agza döwletler geçen 50 ýylyň deňiz transportunyň umumy ýagdaýyna nazar aýlap, onuň ösüşiniň ýakyn ýyllardaky esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.