Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda jemgyýetimizde medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, milli mirasyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp geljekki nesillere ýetirilmegine uly üns berilýär.
Dünýäniň çar künjüne ýaýran türkmenleriň aýdym-saz sungaty türki halklaryň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolup durýar. Muňa ol halklarda aýdylýan aýdymlaryň äheňleriniň bir perdeden gopýan görnüşleri şaýatlyk etse, köne döwürde ulanylan ilkinji saz gurallary bolan gopuzdyr tüýdük, dombura (tamdyra) ýaly saz gurallarynyň türki halklarynda bolmagy-da muny doly tassyklaýar.
Elbetde, belli bir halkyň goňşuçylykda ýaşan beýleki bir halkyň aýdym-saz sungatyna öz täsirini ýetirişi ýaly, türki halklarynyň aýdym-saz sungaty hem türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyna özüniň täsirini ýetiripdir. Umuman, türkmen saz sungatynyň öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny türkmen nusgawy şahyrlarynyň şygyrlarynda we dürli taryhy çeşmelerde görmek bolýar.
XIX asyrda ýaşap geçen Amangeldi Gönübek, Gulgeldi ussa, Garadäli Gökleň, Ýegen Oraz bagşy, Hajygolak, Nobatnyýaz bagşy, Oglan bagşy, Hemra şyh, Ýow bagşy, Durdy bagşy, Şükür bagşy, Çowdur bagşy, Wejen bagşy ýaly tanymal bagşy-sazandalar aýdymdyr sazlary miras galdyrypdyrlar. Öz ýaşan döwürleriniň her hili kynçylyklaryna döz gelip, halkyň ody bilen girip, küli bilen çykan bu bagşy-sazandalar gapma-garşylykly ýowuz wakalary saz arkaly beýan edipdirler. Bu halypa bagşylaryň atlary halk arasynda rowaýata öwrülip, dilden-dile, nesilden-nesle geçip, häzirki döwrümize çenli gelip ýetipdir.
Halkymyzyň uzak taryhynyň akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr sazlara uly orna degişlidigine kämil derejede döredilen mukamlarymyz hem doly şaýatlyk edýär. Esasan, türkmen halkynyň dutar, gyjak, tüýdük (ýedi bogun, dilli tüýdük, şadyýan tüýdük), gopuz… ýaly milli saz gurallary bolupdyr. Şu saz gurallarynyň iň gadymysy dilli hem-de gargy tüýdük bilen gopuzdyr. Häzirki wagtda soňky dörän klawişli saz-gurallarydyr (akkordeon, pianino, garmon, organ, sintizator…) kirişli saz gurallary (skripka, gitara, sitara…) toý-baýramlarda, bagşyçylyk ýolunda hem-de estradada giňden ulanylýar.
Haçan-da, türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty hakda gürrüň gozgalanda ilkinji bolup, gulagyňda dutaryň owazy ýaňlanýar. Dutaryň döreýşi hakda dürli rowaýatlarda käbir çaklamalar getirilýär.
Hawa, häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizde aýdym-saz sungatymyza diýseň uly sarpa goýulýar. Milli medeniýetimiziň taryhy gelip çykyşy, onuň ösüş ýolundaky yzlary dogrusynda milli Liderimiziň bize peşgeş beren kitaplarynda açyk aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Ile döwlet geler bolsa…”, “Türkmen medeniýeti” “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaplary bu günki günde sungata ömrüni baglan ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelgedir.
Biz mugallymlar, umuman, medeniýet we sungat işgärleri üçin esasy gollanmamyz bolan Gahryman Arkadagymyzyň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly ajaýyp kitabynda aýdym-sazyň ähmiýeti, biziň bagtyýarlyk döwrümizdäki wajyplygy barada giňişleýin durlup geçilýär. Kitapdaky dürdäne pähimleri biz aýdym-saz mugallymlary her sapagymyzda guraýan okuw-usuly medeni çärelerimizde giňden peýdalanýarys.
Gadymy we baky juwan medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary milli Liderimiziň: “Ata Watanymyz Türkmenistanda aýdym-saza, sungatyň gudratly güýjüne uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işleriň, çuň özgertmeleriň çeper many-mazmuny aýdym-sazyň, sungatyň şirin owazy bilen halka ýetirilýär, şeýle hem Ýer ýüzüne wagyz edilýär“ diýen jöwher pähimini usuly we amaly sapaklaryň üsti bilen okuwçylarymyzyň kalbyna we aňyna ýetirýäris. Şeýle çuňňur bilim, kämil terbiýe alýan nesillerimiz bilen guraýan sapaklarymyzdyr çärelerimiz oňyn netije berýär.
Türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan, bagşyçylyk ýolunyň has hem kämilleşmeginde çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
Aýjemal Weýisowa,
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Çagalar sungat
mekdebiniň mugallymy, Kärdeşler
Arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.