30-njy noýabrda Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde “Uly ýigrimiligiň” sammiti öz işine başlady. Sammitde “Uly ýigrimiligiň” liderleri geljekki 10 ýyldaky halkara ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki gün dowam edýän bu sammitiň birinji güni dünýä ykdysadyýetiniň häzirki meselelerine bagyşlandy. Şeýle hem “ýigrimiligiň” liderleri öýjükli tehnologiýa arkaly guralýan işleriň aýratynlyklary, gender deňligi, makroykdysady syýasaty sazlamagyň ýollary, maliýe ýagdaýyny düzgünleşdirmegiň usullary, salgyt ulgamyndaky özgerişlikler, söwda we başga-da birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Sammitiň ikinji güni durnukly ösüşiň we daşky gurşawyň meselelerine bagyşlanýar. Şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi, energetika, infrastruktura, azyk howpsuzlygynyň meseleleri we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşylar. Sammitiň netijeleri boýunça Jarnama kabul ediler.
Sammitiň dowamynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşuşygynyň bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti Hytaýyň, Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň Liderleri bilen ikiçäk duşuşyklary geçirer.
“Uly ýigrimiligiň” (G20) düzümine ABŞ, Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy, Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar girýär.
G20 dünýäniň jemi içerki önüminiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini, şeýle hem dünýäniň ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramanyň mejlisinde maliýe ministrleri we merkezi banklaryň ýolbaşçylary derejesinde halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.