“Volks­wa­gen” aw­to­kon­ser­ni 2023-nji ýy­la çen­li elekt­ro­mo­bil­le­re, aw­to­nom he­re­ket ed­ýän teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, şeý­le hem, trans­port se­riş­de­le­ri­ni we aw­to­za­wod­la­ry öý­jük­leş­dir­mek we yk­jam­laş­dyr­mak bo­ýun­ça tä­ze hyz­mat­la­ra 44 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýar. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär.
Bu se­riş­de­le­riň “Volks­wa­gen”-iň 2019-2023-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky çyk­da­jy­la­ry­nyň tak­my­nan, üç­den bi­r bö­le­gi­ne deň­di­gi aý­dyl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu ser­ma­ýa­lar kom­pa­ni­ýa­nyň elekt­ro­mo­bil ön­dür­mek bo­ýun­ça Hy­taý­da bi­le­lik­de işe gi­ri­zen kär­ha­na­sy­na de­giş­li däl­dir. “Volks­wa­gen Group”-yň stra­te­gi­ýa­sy­nyň çar­çu­wa­syn­da­ky mak­sat­la­ryň bi­ri hem in­no­wa­si­ýa­ny or­naş­dyr­ma­gyň dep­gin­le­ri­ni güýç­len­dir­mek­den yba­rat­dyr.
– Biz öz ma­ýa­la­ry­my­zy mo­bil pu­da­gy­na gö­nük­di­rip, mak­sat­la­ry­my­zy me­ýil­na­ma bo­ýun­ça ama­la aşyr­ýa­rys – di­ýip, “Volks­wa­gen AG”-niň ýol­baş­çy­sy Ger­bert Diss mä­lim e­dýär.
“Volks­wa­gen”özü­niň tä­ze stra­te­gi­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de 2022-nji ýyl­dan baş­lap, elekt­ro­mo­bil ön­dür­mek üçin Em­den­dä­ki we Gan­no­wer­dä­ki za­wod­la­ry­ny gaý­ta­dan ab­zal­laş­dyr­mak ha­kyn­da­ky ka­ra­ra gel­di. Mun­dan baş­ga-da, 2022-nji ýyl­dan soň­ra aw­to­kon­sern Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da goş­ma­ça köp brend­li za­wod gu­rup, önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.