Ar­heo­log­lar Mü­sü­riň Luk­sor şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky Al-Barr al-Gar­bi se­bi­tin­de bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň, XIII asy­ra de­giş­li fa­ra­on­la­ryň XIX ha­ne­dan­ly­gy­nyň daş san­dy­gy­nyň üs­tün­den bar­dy­lar. Bu açyş ba­ra­da Mü­sü­riň ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler mi­nist­ri Ha­led al-Ana­ni ha­bar ber­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu ýer Fa­or­ha­tep diý­lip at­lan­dy­ry­lan ga­dy­my Mü­sür hö­küm­dar­la­ry­na ýa­kyn dur­ýan şah­sy­ýet­le­ri­ň bi­ri­ne de­giş­li­dir.
– Bu ýer­de ýü­zü­ne Ýah­mos-Ne­fer­ta­ri­niň we onuň fa­ra­on og­ly Amen­ho­tep I dür­li reňk­li şe­kil­le­ri çe­ki­len di­war abat sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Içi mu­my­ýa­ly oňat sak­la­nan iki sa­ny daş san­dyk hem ýü­ze çy­ka­ryl­dy – di­ýip Mü­sü­riň ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler mi­nist­ri Ha­led al-Ana­ni ha­bar ber­di.
Bu ýer­dä­ki ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ne şu ýy­lyň mart aýyn­da baş­la­nyp­dy. Ar­heo­log­lar to­pa­ry bir­nä­çe aý iş­län­le­rin­den soň­ra haý­ran gal­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri ga­zan­dy­lar. Alym­lar ol ýer­den içi mu­my­ýa­ly iki daş san­dyk­dan baş­ga-da, müň­den gow­rak ga­dy­my Mü­sür hu­daý­la­ry­ny şe­kil­len­dir­ýän fa­ýans­dan edi­len uly bol­ma­dyk heý­kel­jik­le­ri, bir­nä­çe düýr­le­nen pa­pi­rus­la­ry we fa­ra­on­la­ryň döw­rü­ne de­giş­li on­lar­ça beý­le­ki ar­te­fakt­la­ry ýü­ze çy­kar­dy­lar.