Deňiz arkaly ýük daşamak iň arzan ugurlaryň biri bolup, dünýäniň iri kompaniýalary köplenç ýükleri daşamakda transportuň hut şu görnüşine aýratyn ähmiýet berýärler. Biz aşakda deňiz arkaly ýük daşamak bilen meşgullanýan 10 sany uly kompaniýa barada maglumat bermegi makul bildik. “Alphaliner” portaly tarapyndan taýýarlanan bu sanawda deňiz arkaly ýük daşaýan uly kompaniýalaryň kuwwaty barada hasabat berilýär.
1. “A. P. Moller-Maersk Group” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Daniýanyň Kopengagen şäherinde ýerleşýär. 1904-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýanyň ýyllyk girdejisi 40,3 milliard dollara barabar bolup, işgärleriniň sany 89 müň adama deňdir. Bu kompaniýa deňiz arkaly ýük daşamaga we port terminallaryna hyzmat etmäge ýöriteleşdirilendir. “Maersk” 2018-nji ýylda dünýä bazarynda 18 göterim paýy bilen konteýner daşamakda öňdeligi eýeleýär.
2. “Mediterranean Shipping Company S. A.” (MSC) kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. 1970-nji ýylda esaslandyrylan bu hususy kompaniýanyň ýyllyk girdejisi 28,2 milliard dollara deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň işgärleriniň sany 24 müň adama barabardyr. Kompaniýa “A. P. Moller-Maersk”-den soňra, gämi bilen konteýner daşamakda dünýäde ikinji iri kompaniýadyr.
3. “CMA CGM Group” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Marsel şäherinde ýerleşýär. 1978-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýanyň girdejileri 15,7 milliard dollara deňdir. Işgärleriniň sany 22 müň adama barabar bolan bu kompaniýa deňiz arkaly konteýnerleri gatnatmak bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň ygtyýarynda 445 gämi bolup, dünýäniň 420-den gowrak portuna gatnaýar. Kompaniýanyň dünýäniň 160-dan gowrak ýurdunda 750-den gowrak ofisi we şahamçasy bar.
4. “China Ocean Shipping (Group) Company” (COSCO) kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Hytaýyň Pekin şäherinde ýerleşýär. 1961-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýanyň girdejisi 10,2 milliard dollara deň bolup, işgärleriniň sany 130 müňe barabardyr. Ýükleri daşamakda öňdebaryjy bu kompaniýa 10 sany iri konteýner operatorlarynyň hataryna girip, ýylda 180 million tonna ýük daşaýar. Kompaniýa 1961-nji ýylyň 27-nji aprelinde esaslandyrylyp, Hytaýda ilkinji halkara ýük gatnadýan gämidir. Kompaniýa 1993-nji ýylda 17 milliard dollar sermaýasy bilen korporasiýa öwrülýär. Häzir onuň ygtyýarynda 800-den gowrak söwda gämisi bar.
5. “Evergreen Marine” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Taýwanyň Taoýuan şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa 1968-nji ýylda esaslandyrylyp, ýyllyk girdejisi 4,6 milliard dollara deňdir. Onuň işgärleriniň sany 3 müň 389 adama deň bolup, konteýnerler bilen deňiz arkaly ýük daşamakda iri halkara kompaniýalaryň biridir. Şu günki günde kompaniýanyň 1975-nji ýylda esaslandyrylan “Evergreen Group” şahamçasynda 18 müň adam işläp, dünýäde 240-dan gowrak ofisi bar.
6. 1847-nji ýylda esaslandyrylan “Hapag-Lloyd” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Germaniýanyň Gamburg şäherinde ýerleşip, ýyllyk girdejisi 12 milliard dollara deňdir. Kompaniýanyň işgärleriniň sany 9 müň 500 töweregi bolup, 1847-nji ýylda Atlantik ummanynyň üsti bilen ilkinji gatnawlaryny amala aşyryp başlaýar. 1970-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda HAPAG kompaniýasy Bremende esaslandyrylan “Lloyd” kompaniýasy bilen birleşdirilip, “Hapag-Lloyd AG” kompaniýasyny emele getirýärler.
7. 1871-nji ýylda esaslandyrylan “Hamburg Süd Group” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Germaniýanyň Gamburg şäherinde ýerleşýär. Ýyllyk girdejisi 6,9 milliard dollara deň bolan bu kompaniýada jemi 5 müň 360 adam zähmet çekýär. Bu kompaniýanyň deňiz arkaly 40 sany global ulgamy bolup, 468 müň konteýnere we 126 sany hem konteýnerleri gatnadyjy gämä eýedir.
8. Günorta Koreýanyň “Hanjin Shipping” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Seulda ýerleşýär. 1977-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýanyň ýyllyk girdejisi 8,3 milliard dollara deňdir. Kompaniýanyň işgärleriniň sany 5 müň 800 bolup, Günorta Koreýanyň iň iri gämi ýollary kompaniýasydyr. Bu kompaniýa dünýäde konteýneri daşamak bilen meşgullanýan iň uly 10 kompaniýanyň biri bolup, ýylda 100 million tonna ýük gatnadýar. Kompaniýanyň ygtyýarynda 170 töweregi konteýner gatnadyjy gämi bar. Şeýle hem, onuň birnäçe golçur kompaniýalary bar.
9. Gonkongyň 1969-njy ýylda esaslandyrylan “Orient Overseas Container Line” (OOCL) kompaniýasynyň girdejileri we işgär sany barada maglumat berilmändir. Gonkongly Tung maşgalasyna degişli bolan kompaniýa dünýäniň iň iri konteýner gatnatmak we logistika hyzmatlary bilen meşgullanýan kompaniýalaryň biridir. Häzirki wagtda kompaniýanyň ygtyýarynda 270 gämi we dünýäniň 55 ýurdunda 280-den gowrak ofisi bar.
10. 1976-njy ýylda esaslandyrylan “United Arab Shipping Company” (UASC) kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýär. Kompaniýanyň işgär sany we girdejisi mälim edilmeýär. Ol gämi gatnawy boýunça iri kompaniýalaryň biri bolup, dünýäde 185-den gowrak ofisi bar. Bu kompaniýanyň düzüminde Bahreýn, Yrak, Kuweýt, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar bolup, olaryň her biri öz paýy boýunça gatnaşýarlar. Birleşen arap kompaniýasynyň 18-den gowrak konteýner serwislerine hyzmat edýän 61 gämisi bar. Bu gämi ýollary Ýakyn Gündogar bilen Ýewropany, Orta ýer deňzini, Hindi subyklymyny, Uzak Gündogary, Günbatar Afrikany, Demirgazyk we Günorta Amerikany birleşdirýär. Kompaniýanyň gämileri dünýäniň 240-dan gowrak portlaryna gatnaýarlar.