Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes Kubada bolup, ýurduň Döwlet geňeşiniň we ministrler geňeşiniň başlygy Migel Dias-Kanel bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar özara düşünişmek hakdaky memoranduma we medeni alyş-çalyş boýunça ylalaşyga gol çekdiler.
Bütindünýä “Expo-2025” sergisi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler. Bu karar Parižde Halkara sergileri býurosynyň Baş Assambleýasynda kabul edildi.
Baýlygy 75 milliard dollara barabar bolan dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Bill Geýts ispan barlag geçirijileriniň taslamasyna 5 million ýewro goýdy. Bu serişdeler Madridiň Politehniki uniwersitetiniň hünärmenleriniň oba hojalyk ugry boýunça barlaglaryna sarp ediler.
Halkara konsalting kompaniýasy “Resonance”-yň reýtinginde dünýäniň ýaşamak üçin iň gowy 100 şäheri sanalyp geçilýär. Reýtingiň birinji ornuny London, ikinji ornuny hem Pariž eýeleýär. Üçlükde Nýu-Ýork şäheri hem bar. Dünýäniň iň gowy şäherleriniň onlugyna Tokio, Barselona, Moskwa, Çikago, Dubaý, San-Fransisko we Singapur girýär.
Ýakyn üç ýylda aeroportlaryň 80 göteriminde we awiakompaniýalaryň 70 göteriminde ýolagçylary ýüzlerinden tanaýan biometrik gözegçilik ulgamyny synagdan geçirmäge başlanar. “Bu tehnologiýa pasport barlaglarynyň nobatyndan halas eder we uçmazdan ozalky barlag wagtyny azaldar” diýlip, Şweýsariýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy SITA-nyň maglumatynda mälim edilýär.
Müsüriň Asýut tehnologik uniwersitetiniň hünärmenleri gark bolmak howpuna uçranlar üçin halas ediş enjamynyň täze neslini döretdiler. Synagdan geçirilen bu enjam uzak aralykdan dolandyrylyp, halas edijiler gatnaşmazdan, gysga wagtda ynsanlary halas edýär.