Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy üçin tagallalary birleşdirýän, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýan döwlet hökmünde berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar.
Köpetdag jülgesiniň gözel künjekleriniň birinde bina edilen belent ýadygärligiň öňünde aşgabatlylaryň müňlerçesi we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar.
Al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, ysy bark urýan dürli reňkli gül desseleri, adamlaryň şadyýan ýüzleri buýsanç hem-de watançylyk duýgusyny döredýän uly baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrýar.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan syýasat “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanyp, ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny berkitmäge, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga hem-de Türkmenistanyň her bir raýatynyň mynasyp, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Özygtyýarly Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň giňelmegini, abraýynyň has-da artmagyny şertlendirdi hem-de umumy ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez hökmünde ýöredýän ugruny berkitdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň edermen esgerleriniň hormat garawulynyň deňi bilen bellenilen ýere bardy. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz beýik binanyň eteginde oturdylan ýadygärlik daşyna gül çemenini goýdy. Bu beýik bina özygtyýarly döwletimiziň gazanan hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesiniň müdimiliginiň we mizemezliginiň nyşany bolup durýar.
Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, beýleki dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” ýörite Kararnama dünýä bileleşiginiň ata Watanymyzyň daşary syýasy ugruna beren ýokary bahasynyň aýdyň subutnamasy boldy. Şol ugur halkymyzyň wagyz edýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanandyr. Biziň ýurdumyz bu gün Bitaraplygyň mysaly we tejribesi bilen ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny gözleýän adamzadyň hoşniýetli maksatlarynyň amala aşmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip, yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu baýramçylygy esaslandyrmak başlangyjyny döwlet Baştutanymyz 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda öňe sürdi. Şol ýyl biziň ýurdumyz bitaraplyk derejesiniň şanly 20 ýyllygyny dabaraly belledi. Aşgabat forumyna gatnaşyjylaryň hatarynda köp sanly myhmanlar hem bolup, olar maslahatyň jemleýji resminamasynda berkidilen bu teklibi biragyzdan goldadylar.
Her ýylyň hut 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şondan soň biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy.
Häzirki wagtda Bitaraplygyň türkmen nusgasy sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de netijelilik we özara hormat goýmak esasynda ösüşleri nazarlaýan gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm ýagdaýy bolup hyzmat edýär. Merkezi Aziýa sebitinde esasy orun eýeleýän Türkmenistanyň alyp barýan ähli işi Bitaraplyk filosofiýasynyň özeninde goýlan hakykata, ilkinji nobatda, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyga hem-de parahatçylyk döredijilik maksatlaryna işjeň ýardam bermäge pugta eýermegiň nusgasydyr.
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, soňky ýyllaryň dowamynda gyzyklanma bildirýän ähli döwletler, iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny işjeň pugtalandyrýandygyny bellemek gerek, özi-de bu köpugurly hyzmatdaşlygyň gerimi yzygiderli giňelip, syýasy, ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarda täze anyk mazmun bilen üsti ýetirilýär. Paýtagtymyzyň Bitaraplyk binasynyň töwereginde dabaraly we şanly seneler bellenilýän günlerde BMG-ä agza ýurtlaryň baýdaklary buýsançly parlaýan belent baýdak sütünleriniň bu ýere bezeg bermegi hoşniýetli hyzmatdaşlygy alamatlandyrýar.
Umuman, türkmen döwleti bitaraplyk derejesini yzygiderli durmuşa geçirip, biziň döwletimiz ählumumy işlere barha işjeň goşulyşýar hem-de parahatçylygyň we ylalaşygyň, adamzadyň belent maksatlarynyň berkarar bolmagynyň bähbidine halkara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşandyny goşýar.
Şeýle hem paýtagtymyzyň Mejlisler merkeziniň sahnasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert boldy. Sahnada dürli dillerde aýdymlar ýaňlandy, dünýä halklarynyň nusgawy hem-de döwrebap saz eserleri we joşgunly tanslary ýerine ýetirildi. Hytaýdan, Owganystandan, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Saud Arabystanyndan, Pakistandan, Gyrgyzystandan, Müsürden, Türkiýeden we Özbegistandan gelen belli aýdymçylar hem-de döredijilik toparlary çykyş etdiler.
Umuman, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan konserti ýurtlar we yklymlar boýunça, aýdym-saz hakydamyzyň tolkunlary boýunça özboluşly döredijilik syýahatçylygy bilen deňeşdirip bolar. Gadymy we hiç öçmejek küştdepdi tansy baýramçylygyň hakyky bezegine öwrüldi. Ýurdumyzyň folklor tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde oňa myhmanlarymyz hem uly höwes bilen goşuldylar. Halkymyzyň bu milli tansynda taryh bilen häzirki zaman täsin birleşdi. Bu tans ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň medeni gymmatlygy diýlip ykrar edildi.