Lýuk­sem­bur­gyň hö­kü­met baş­ly­gy Ksaw­ýe Bet­tel gel­jek ýy­lyň tom­sun­dan baş­lap äh­li ot­lu­la­ryň, tram­waý­la­ryň we aw­to­bus­la­ryň tö­leg­siz bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­duň kö­çe­le­rin­de eme­le ge­len dyk­ny­şy­gy ara­dan aýyr­mak üçin jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan has köp peý­da­lan­mak üçin çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şu ýy­lyň tom­sun­da 20 ýaş­dan ki­çi­ler üçin jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry tö­leg­siz edi­lip­di. 2020-nji ýyl­dan baş­lap bol­sa, jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry üçin bi­let sa­tyl­ma­gy do­ly bes edi­ler. Ýurt­da he­re­ket ed­ýän ot­lu­lar­da bol­sa, aý­ra­tyn amat­lyk­la­ry bo­lan 1-nji we 2-nji klas wa­gon­lar bar. Ba­ha­sy has gym­mat bo­lan bu wa­gon­lar ba­ra­da en­tek hiç zat aýan edil­me­di. 600 müň tö­we­re­gi ila­ty bo­lan ýur­duň meý­da­ny ba­ry-ýo­gy 2586,4 km². Goň­şy döw­let­ler­den bu ýe­re öz hu­su­sy aw­to­ulag­la­ry bi­len her gün­de 200 müň tö­we­re­gi adam gel­ýär. Bet­tel saý­law kam­pa­ni­ýa­syn­da daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­jek­di­gi­ni wa­da be­rip­di. Ýew­ro­pa­nyň iň ki­çi ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Lýuk­sem­bur­gyň ady­bir paý­tag­ty iň köp ma­şyn­ly şä­her­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Onuň ila­ty 110 müň tö­we­re­gi bo­lup, bu ýe­re gel­ýän myh­man­la­ryň sa­ny he­mi­şe di­ýen ýa­ly şä­he­riň ila­tyn­dan köp bol­ýar.
Es­to­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Tal­li­niň ýa­şaý­jy­la­ry hem 5 ýyl­dan bä­ri jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan mugt peý­da­lan­ýar­lar. Bu ýurt­da tö­leg­siz ula­gyň ýur­duň äh­li ýe­rin­de ýo­la go­ýul­ma­gy üçin ta­gal­la edil­ýär.

Begenç BABAÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.