Alymlar ösümlikleriň syrly dünýäsini açmak üçin yzygiderli alada edýärler. Bu aladalaryň netijesinde, her ýylda olaryň täze görnüşleriniň üstünden barylýar. Angliýanyň “Kew Gardens” botanika bagynyň hünärmenleri geçen ýyl ösümlikleriň ýüzden gowrak täze görnüşini hasaba alypdyrlar. Olaryň arasynda täsin orhideýa hem, et bilen iýmitlenýänleri hem bar.
Professor Aýah Lebbi Afrikanyň günorta-günbataryndaky Sierra-Leonede bir şaglawugyň golaýyndaky gaýalarda adaty bolmadyk otuň üstünden barypdyr. Onuň nusgasyny botanika bagynyň hünärmenlerine iberipdirler. Botanikler ota “Lebbiea Grandiflora” adyny dakypdyrlar. Balyklaryň suwuň boýunda bitýän bu ösümlik bilen iýmitlenip, ekoulgamy güýçlendirýändigi anyklanypdyr.
Dünýäde mör-möjekdir kiçiräk jandarlar bilen iýmitlenýän 150-den gowrak ösümlik bar. Täze Gwineýanyň demirgazygyndaky kiçijik adada ösýän “Nepenthes biak” atly ösümlik hem mör-möjekleri awlamak üçin süýri okarasyndan peýdalanýar. Doktor Martin Çik halk lukmançylygynda hem ulanylýan endemiki ösümligiň sanynyň azalyp barýandygyna ünsi çekýär.
“Kindiagangan” atly täze tapylan ösümligiň kofeler maşgalasyna degişlidigi aýdyldy. Günbatar Afrikada daşlaryň arasynda ösýän bu otuň dermanlyk häsiýetiniň bardygy hem anyklanypdyr.
Orhideýalaryň örän köp görnüşi bar. Laosyň paýtagty Wýentýanda gül satylýan arabajykdaky täsin ösümlik bu ýere baran botanigiň ünsüni çekipdir. Netijede, oňa “Paphiopedilum papilio-laoticus” ady berlipdir. Bu gülüň ýok bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüzdügi bellenilýär.
2002-nji ýylda Angliýadaky botanika bagynyň hünärmenlerine köne bir surat iberilip, ondaky ösümligiň anyklap berilmegi haýyş edilipdir. Geçirilen barlaglara görä, suratdaky otuň benewşe gülli “Dioscorea hurteri” atly ösümlikdigi anyklanypdyr. Uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde, bu ösümligiň Günorta Afrikanyň Kwazulu-Natal welaýatynyň alty ýerinde ösýändigi öwrenilipdir.