Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine ynamly barýar. Türkmen döwleti senagat taýdan kuwwatly ýurtlaryň birine öwrüldi. Diýarymyzda nebitgaz, senagat, gurluşyk senagaty ýaly milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Täze häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen, dünýäde deňi-taýy bolmadyk önümçilik desgalary, durmuş maksatly desgalar we beýleki binalaryň gurluşygynyň depgini birjik-de gowşaman dowam etdirilýär. Bu aýdylanlara şu hepdäniň dowamynda milli Liderimiziň Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy bilen tanyşmagy hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen geçiren tanyşlygy aýdyň şaýatlyk edýär.
DÜNÝÄNIŇ ÝEKE-TÄK ZAWODY
Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň – Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu maýa goýum taslamasy Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädimdir.
Bu kärhanany şu ýyl ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde milli Liderimiz gysgaça maslahat geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň energetiki strategiýasynyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň ýakyn geljegi üçin wajyp wezipeler kesgitlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumynyndaky işler barada hasabat berdi. Wise-premýer Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň doly tamamlanandygy barada hasabat bermek bilen, milli Liderimize täze kärhananyň deslapky synaglaryny başlamaga ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly çig mal serişdeleri, senagat hem-de ylmy kuwwaty bilen milli ykdysadyýetimizde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzini öndürýän täsin zawodyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi. Bu kärhana Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge ýardam eder.
Zawod “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” (Ýaponiýa) we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap gazhimiýa toplumynda her ýyl “mawy ýangyjyň” 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de “Euro-5” standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna golaýdyr. Ony maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk banky (JBIC) gatnaşýar. 2019-njy ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän kärhananyň işe girizilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň 800-e golaýy dörediler.
DURMUŞ MAKSATLY TASLAMALAR
8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna edara we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hödürlenildi. Şolary 2020 – 2030-njy ýyllarda Bagtyýarlyk etrabynda gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki edara binalarynyň, hyzmatlar we durmuş ulgamyna degişli binalaryň gurluşygy hem bar.
Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna bu ýerde her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 8-sini gurmak meýilleşdirilýär. Olar umumylykda 2560 çaga niýetlenendir. Şeýle hem her biri 960 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdepleriň 6-sy göz öňünde tutuldy. Olar jemi 5760 okuwça niýetlenendir. Şeýle-de bu ýerde Medeniýet öýi, Saglyk öýleriniň ikisi we Bagt köşgi gurlar.
Mundan başga-da, bu ýerde jemi 564 gektara barabar meýdanda ýaşaýyş jaýlarynyň 184-si ýerleşdiriler. Şolar umumylykda 16 müň 614 öýli, 15 gatly we 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr. Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary jemi 74 müň 800 maşgala niýetlenendir. Her biri 88 öýli 15 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 72-si bolup, şolaryň 28-si üç otagly, 60-sy bolsa, 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Umuman, bu jaýlar jemi 6 müň 336 maşgala niýetlenendir.
Bu ýerde şeýle möçberdäki maşgalalara niýetlenen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 66-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolarda jemi 96 öý bolup, 60-sy üç, 36-sy bolsa dört otagly öýlerdir. Ýenede iki toplumdan ybarat bolan 9 gatly ýaşaýyş jaýlary jemi 4 müňe golaý öýden ybarat bolar. Mundan başga-da, awtomobil ulaglarynyň duralgalarynyň, hyzmat ediş öýleriniň, 1 müň 500 orunlyk stadiony bolan sport toplumynyň, çagalar döredijilik merkeziniň, 48 gektara barabar meýdany bolan seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň, jemagat hojalyk binalarynyň we söwda merkezleriniň hem-de inženerkommunikasiýa ulgamlarynyň we toplumlaryň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.
Milli Liderimiz dürli beýiklikdäki iri ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalaryna, şol sanda Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň çyzgylaryna aýratyn ünsi çekdi. Şäheriň sazlaşykly ösýän bu künjeginde çagalar baglaryny, mekdepleri, ýylda 40 müň näsagy kabul etmäge niýetlenen Saglyk öýüni, seýilgähleri we gök zolaklary döretmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz esasy bellikleri we düýpli maslahatlary aýdyp, paýtagtymyz – ak mermerli Aşgabadymyz diňe bir owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap we uly şäher bolmalydygyny, munuň özi şäheriň durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemeginde hem-de daşky keşbinde öz beýanyny tapmalydygyny belledi.