Gündelik durmuşda sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň adam saglygyna peýdalydygy bilermenler hem-de lukmanlar tarapyndan yzygiderli ýatladylýar. Hakykatdan-da, gündelik maşklary yzygiderli ýerine ýetirmegiň köp sanly howply döremeleriň hem öňüni almaga ýardam edýändigi anyklandy. Bu barada Braziliýanyň hem-de Kanadanyň alymlar topary ylmy-barlag işlerini geçirdiler. “Globo” gazetiniň habar bermegine görä, gündelik fiziki maşklaryň alsgeýmer keseliniň ösüşini togtatmaga kömek berýändigi mälim edildi.
Rio-de-Žaneýro federal uniwersitetiniň hem-de Kingston (Kanadanyň Ontario welaýaty) şäherindäki Patyşa uniwersitetiniň alymlary bu ugurda gemrijileriň üsti bilen birnäçe tejribe işlerini geçirdiler. Şol synag işleriniň netijesinde, alymlar fiziki maşklaryň ýerine ýetirilýän döwründe emele gelýän irizin gormonynyň diňe bir ýaglary ýakmaga däl, eýsem, beýnä-de oňyn täsirini ýetirýändigini anykladylar.
– Fiziki maşklaryň oňyn netije bermegi üçin näçe wagt meşgullanylmagy babatda anyk maglumat berip bolmaýar. Ýöne fiziki hereketliligiň beýniniň işleýiş ulgamy üçin örän peýdalydygyny aýdyp bileris. Maşklaryň görnüşleri möhüm däl, yzygiderli hem-de gündelik ýagdaýda dowam etdirmek esasy zat bolup durýar – diýip, alymlardan Fernanda di Felisi habarçylara gürrüň berdi.
Alymlaryň pikirine görä, bu açyş düzüminde irizin saklanýan dermany ýasamaga mümkinçilik berer. Ol hem käbir sebäplere görä, fiziki maşklary ýerine ýetirip bilmeýän adamlaryň peýdalanmagyna şert döreder.
Gülnabat ATAJANOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.