1980-nji ýyllarda Hytaýyň günortasyndaky Szýansi welaýatynyň baýyrly depeleriniň we hasylly düzlükleriniň agramly bölegi ýaramaz ulanylandygy sebäpli ulanyşdan galypdy. Eroziýa sebäpli bu mes topraklar ekerançylyk üçin hem ýaramsyz ýere öwrülipdi, ýygy-ýygydan emele gelen toprak süýşmeleri ýagdaýy has-da kynlaşdyrypdy. 30 ýyl mundan ozal başlan hökümet maksatnamasy esasynda tokaý zolaklarynyň gerimi giňeldildi, köp ýerler gaýtadan özleşdirilip, bioköpdürlülik täzeden dikeldildi.
Düzlükleriň depesine agaçlar ekilip, dag eteklerine sitrus agaçlary oturdyldy, düzlüklerde bolsa, şaly plantasiýalary döredildi. Garaşylan netije alyndy, ekoulgam dikeldildi, iş orunlary döredildi, ýerli ýaşaýjylar gazanç etmäge başlady, howanyň we suwuň hili gowulandy, ähli janly organizm üçin ýörite mikroklimat döredi. BMG-niň hünärmenleri Hytaýyň bu ugurdaky tejribesini başga ýurtlarda hem durmuşa geçirmek üçin öwrenmäge girişdi.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň wekili Tim Kristoferson alymlaryň beýleki ekoulgamlara hem oňat täsirini ýetirjek tokaý zolaklarynyň iň amatly formulasynyň üstünde işleýändigini belledi.
BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy Szýansi welaýatynyň ekoulgamyny dikeltmek üçin durmuşa geçirilen maksatnamanyň diňe bir onýyllygyň dowamynda Hytaýda tokaý zolaklarynyň meýdanyny 74 million gektara çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Taslama Hytaýyň Durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda äden esasy ädimleriniň biri boldy.
Tokaý zolaklary ýerdäki ekoulgam bilen atmosferanyň arasynda uglerod alyş-çalşygynda möhüm orun eýeleýär hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barmaga kömek edýär. Dünýädäki süýji suwlaryň dörtden üç bölegi tokaý zolaklaryndan gelýär. Mundan başga-da, tokaýlar topraklaryň ýaramazlaşmagynyň hem-de toprak süýşmeleriniň öňüni almaga ýardam edýär.
Serdar BÄŞIMOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.