Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň sanawy düzüldi. Onuň başyny amerikan kompaniýasy “Amazon” çekdi. Bu kompaniýanyň sanawyň ikinji ornuna düşen “Microsoft”-dan öňe geçendigini “Bloomberg” agentligi mälim edýär. Agentligiň beýanatynda “Amazon”-yň bazar nyrhynyň 797 milliard dollar, “Microsoft”-yň bolsa, 789 milliard dollara deňdigi aýdylýar. Birinji orny eýelän kompaniýanyň paýnamasy 3,4%, ikinjiňki bolsa, 0,1% artdy. Üçünji orny 745 milliard dollar bazar nyrhy bilen “Google”-a degişli “Alphabet” holdingi eýeledi. Onuň yz ýanyndan hem 702 milliard dollary bilen “Apple” gelýär.
Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň fewralynda reýtingiň birinji üçlügini “Amazon”, “Apple” we “Google” eýeläpdi. Şonda “Microsoft” kompaniýasy iň gymmat brendleriň diňe onlugyna giripdi. Mundan ozal, “Amazon” internet-riteýleriniň baş ýerine ýetiriji direktory Jeff Bezos dünýäniň iň baý işewürleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Geçen tomusda onuň baýlygy 150 milliard dollara ýetip, “Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsiňkiden 55 milliard dollar köpdügi habar berlipdi.