köp hak tölenýän ýaşlar
“Forbes” žurnaly ýaşy 30-a çenli bolan iň köp girdeji gazanan meşhur adamlaryň reýtingini düzdi. Reýtingiň başyny 900 million dollar baýlygy bilen amerikan modeli Kaýli Jenner çekdi. Žurnalyň maglumatlaryna görä, 21 ýaşly kosmetika önümçiligi boýunça “Kylie Cosmetics”-iň başlygynyň ýyllyk girdejisi 166,5 million dollara deň.
Ýyllyk girdejisi 110 million dollara deň bolan beýik britaniýaly sazanda Ed Şiran bolsa, reýtingiň ikinji ornuna düşdi.
Brazil futbolçysy “Paris Saint-Germain F.C.” klubynyň hüjümçisi Neýmaryň ýyllyk girdejisi 90 million dollara deň bolup, türgen reýtingiň üçünji ornuny eýeledi.
Reýtingiň dördünji we bäşinji ornuna 80 million dollary bilen amerikan aýdymçysy Teýlor Swift, şeýle hem, ýyllyk girdejisi 57 million dollara deň bolan kanadaly aýdymçy Eýbel Tesfaýe düşdi.
Ýaşy 30-dan geçmeýän beýleki iň köp girdeji gazanan meşhurlaryň hataryna amerikan basketbolçysy Jeýms Harden, “Chainsmokers” toparynyň sazandasy Drýu Taggart, meksikaly boksçy Saul Alwares, amerikan futbolçysy Darek Karr we amerikan golfçysy Jordan Spit dagy girdiler.
Biznes üçin amatly ýurtlar
“Forbes” žurnaly biznes etmek üçin iň gowy ýurtlaryň sanawyny mälim etdi. Sanawda maýadarlar üçin has özüne çekiji bolan 161 ýurt bar. Sanawyň başyny Beýik Britaniýa çekip, onuň yz ýanyndan Şwesiýa, üçünji orunda hem Gonkong gelýär. Biznes etmek üçin iň oňat ýurtlaryň bäşligine Niderlandlar we Täze Zelandiýa girip, ABŞ bu sanawda 17-nji, Russiýa hem 55-nji orny eýeledi.
Neşir özüniň reýtingini eýýäm 30 ýyl bäri düzüp, Beýik Britaniýa indi bu sanawda ikinji ýyl liderlik edýär. Ýurda baha bermek üçin 15 sany görkezijä salgylanylyp, Birleşen Korollyk olaryň her biri boýunça “top-30”-a düşen ýurt boldy.
“Forbes”-iň bilermenleriniň bellemegine görä, Britaniýanyň iş gurşawy özüne çekijiligine galýar. ABŞ-nyň halkara reýting agentligi “Moody’s”-yň baş ykdysadyýetçisi Mark Zandiniň bellemegine görä, giň ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan Beýik Britaniýa maýa goýumlary we söwda işleri üçin açyk ýurt bolmagynda galýar.