Du­baý özün­de ýa­şa­ýan iň baý adam­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça bi­rin­ji bäş­li­ge gir­di. “New World Wealth” bar­lag to­pa­ry­nyň tä­ze ha­sa­ba­ty­na gö­rä, ila­ty iň gurp­ly şä­her­le­riň bäş­li­gi­ne Nýu-Ýork, Lon­don, Gon­kong we Sin­ga­pur gir­di­. Bar­lag­lar­da bel­le­nip ge­çi­li­şi­ne gö­rä, Du­baý beý­le­ki ýurtlardan gö­çüp ba­ran mil­lio­ner­ler üçin özü­ne çe­ki­ji ýurt bo­lup dur­ýar. Soň­ky 20 ýy­lyň için­de emir­li­ge 38 müň­den gow­rak gurp­ly adam gö­çüp ba­ryp­dyr.
Ha­sa­bat­da Du­baý­da 55 müň mil­lio­ne­riň ýa­şa­ýan­dy­gy bel­le­nip ge­çil­ýär. 2017-nji ýyl­da 5 müň tö­we­re­gi mil­lio­ner Hin­dis­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan, Mü­sür­den, Ni­ge­ri­ýa­dan, Eý­ran­dan we Li­wan­dan gö­çüp ba­ryp­dyr. Bi­ler­men­ler emir­li­ge gö­çüp ba­ryl­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi­ni bu ýur­duň özü­ne çe­ki­ji dur­muş ýö­rel­ge­si, howp­suz­ly­gy we ösen inf­rast­ruk­tu­ra­sy, şol san­da goz­gap bol­ma­ýan em­läk­le­ri­niň has el­ýe­ter­li ba­ha­sy bi­len dü­şün­dir­ýär­ler.

Du­baý köp mil­let­li şä­her

Hä­zir­ki wagt­da Du­baý­da 140 dil­de gür­le­ýän 3,14 mil­li­on adam ýa­şap, dün­ýä­niň iň köp mil­let­li şä­he­ri hasaplan­ýar. “McKin­sey & Com­pa­ny” kon­sal­ting kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da emir­li­giň 83% ila­ty da­şyn­dan ge­len­ler­dir. Bu ýer­de dün­ýä­niň 200-den gow­rak ýur­dun­dan ge­lip ýa­şa­ýar­lar. Du­baý­da arap, iň­lis, hin­di, ur­du, pars, ben­gal, ta­mil, ta­gal, hy­taý, ma­la­ýa­lam, fran­suz, ne­mes we is­pan dil­le­ri has ýör­gün­li ha­sap­lan­ýar. Şu gün­ki gün­de Du­baý köp mil­let­li­li­gi bo­ýun­ça ila­ty­nyň 62%-i da­şa­ry ýurt­ly bo­lan Brýus­sel­den hem öňe geç­ýär. Du­ba­ýyň ila­ty art­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär, çün­ki bu ýe­re goň­şy emir­lik­ler­den iş­le­mä­ge gel­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar.